Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýurdumyzyň günbatar çäklerinde geçirilen gözleg-barlag işleriň netijesi
Ýazylan wagty: 28 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Ýurdumyzyň günbatar çäklerinde 
geçirilen gözleg-barlag işleriň netijesi

Günorta-Günbatar Türkmenistanda uglewodorodlaryň agtarylmadyk serişdelerini özleşdirmek baradaky mesele nebit çykarylyşynyň çig mal bazasynyň ösmegi we olaryň gorlarynyň artmagy üçin ägirt uly ätiýaçlyk bolup durýar.

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň çäginde tektoniki etraplaşdyrmagyň çyzgysy aşakdaky esasy tektoniki elementlerden durýar: Balkanýaka we Gögerendag – Ekerem göterilmeler zolaklary, Gyzylgum we Kelkör bükülmeleri. Sebitiň sanalyp geçilen dört tektoniki zolaklary boýunça agtarylmadyk serişdeleriň göwrümleri dürli-dürli bahalandyrylýar.

 Balkanýaka tektoniki zolakda agtarylmadyk serişdeler çuňlukda ýatan aşaky gyzylreňkli we gyzylreňkliden aşakdaky çökündileriň çäklerinde jemlenendir we çökündileriň neogen toplumynda Günorta-Günbatar Türkmenistan boýunça umumydan 36%-ini tutýar. Şunlukda, orta plioseniň gyzylreňkli gatlagynyň we «köne» känlerde onuň açylmadyk böleginiň nebitiniň galyndy agtarylmadyk serişdeleri kanagatlanarly bahalandyrylýar. Ýakyn ýyllarda «köne» känler, olaryň ýüze çykarylmadyk gorlary, barlanylmadyk meýdançalary, bloklary we şuňa meňzeşler nebitiň we gazyň gözlegi we agtarylyşy üçin ilkinji nobatdaky obýektler bolup galýar. Mysal hökmünde Goturdepe käniniň Demirgazyk bölegini getirmek bolar. Demirgazyk Goturdepe özbaşdak gurluşynyň günbatar periklinalynyň köp bölegi deňiz suwunyň aşagynda ýerleşýär we nebit çykarmak üçin UW ähmiýetli gorlarynyň toplanandygy ýüze çykaryldy.

Gögerendag – Ekerem gaznebitli etrapda aşaky gyzylreňkli çökündileriň kollektor – jynslarynyň süzüjilik ukybyndan, onuň häzirki öwrenilişinden, geologiki-fiziki we ykdysady görkezijilerinden gelip çykyşyna görä, nebitgaz doýgunlylygyň üç merdional zolaklaryna bölünýär: Günbatar – Kenarýaka, Merkezi – Gögerendag – Gamyşlyja – Akpatlawuk – Çekiçler we Gündogar – Bugdaýly – Nogaý. Bu ýerde agtarylmadyk serişdeleri olaryň alnyp boljak depginine görä, işjeň we pessaý serişdelere bölmek bolar.

Işjeň özleşdirilýän agtarylmadyk serişdelere Merkezi nebitgazly zolagyň pliosen (gyzylreňkli) we miosen çökündileri degişli edildi, onda gorlaryň seçgisi biendigan amala aşyrylýar: miosen çökündileriniň nebitgazly gorlary we serişdeleri haýal özleşdirilýär, nebitiň gazasty gorlarynyň roly ýokarlanýar. Meselem, Ekizek käni (7-nji guýy), Körpejäniň täze gaznebitli meýdançasynyň 76-njy guýusy we beýlekiler. Agzalan guýularda, işläp geçmäniň dinamikasyndan gelip çykyşyna görä, flýuidleriň faza ýagdaýynyň üýtgemeginiň bolup geçýän bolmagy mümkin, bu bolsa gazasty nebit hadysasy hökmünde getirilýär.

Günbatar – Hazarýaka gury ýer gurluş tektoniki zolakda onuň gurluşy baradaky maglumatlar juda ýeterliksizdir. Geofizika arkaly entek has amatly gözleg obýektleri bolup biljek diýlip hasaplanylýan aýry-aýry antiklinal epimli gatlaklaryň bardygyna garamazdan, gözleg burawlaýşyny alyp barmak üçin obýektler ýüze çykarylmady. Bu zolagyň nebitgazlylygynyň geljegi barada, hususan-da, agtarylmadyk uglewodorod serişdeleri hakynda aýdylsa, onuň günorta böleginde, Çekiçler şäherçesinden 1,5 kilometr aradaşlykda aram-aram «oýanýan» adybir Çekiçler läbik wulkany ýerleşendir. 

Merkezi – Gögerendag – Gamyşlyja – Akpatlawuk – Çekiçler zolagynda nebit we gazyň toplanmalary anyklanandyr. Agtarylmadyk gorlar we serişdeler aşaky gyzylreňkliniň açylmadyk 150-200 metr böleginde, şeýle hem miosen çökündilerinde çaklanylýar. Akpatlawuk käninde soňky burawlanan 40-njy guýy bilen tassyklanýar. Onda miosen çökündilerinden 2007-nji ýylda ýokary çykymly nebitiň çüwdürimli akymy (bir gije-gündizde 200 tonna golaý) alyndy, şeýle-de Nebitlije käninden miosen jynslaryndan nebit we gaz akymy alyndy.

Gündogar – Bugdaýly – Nogaý zolagy ölçegleri boýunça (210-220х25-30 kilometr) iň iri zolakdyr, bu ýerde maýda gazkondensat känleriniň ýüze çykarylandygyna garamazdan, çuňňur burawlaýyş we seýsmiki-agtaryş arkaly gowşak öwrenilendir: Bugdaýly we Nogaý – toplanma orta-aşaky gyzylreňkli çökündilerde anyklanyldy (guýularyň ilkinji belgileri), Çukurguýy – apşeron mertebesinde (8-nji guýy). Bu ýataklar, esasan, entek gutarnykly barlanylmady. Bu zolakda, gaznebit doýgunlylygyň barlanylmadyk gömülen gurluşlarda Bugdaýly we Nogaý känleriniňkä seredeniňde, has ýokary bolmagyna garaşylmagy mümkindir. Duzaklaryň görnüşleri hem dürli-dürli bolup bilerler: adaty göterilmeler, az amplitudaly döwülmeler bilen ekranlanan gurluşlar, rifler, çürelip ýitip gitme zolaklar, lito-fasial ornuny çalyşma we ş.m. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatdaky gözleg meselesi onuň geofiziki usullar we kerni ýokary talaply almak bilen burawlaýyş arkaly sebitleýin öwrenilmegi bolup galýar. 

Balkanýaka zolakdan günortada ýerleşen Gyzylgum bükülmesi günbatarda Hazar deňzinde açylýar. Onuň ini 25-30 kilometre, uzynlygy 130 kilometre deňdir. Çuňňur burawlaýyş arkaly bükülmäniň gury ýer böleginiň gözlemek we agtarylyş derejesini 2-3% diýip kesgitlemek bolar. Işleriň geçirilmeginiň örän kyn şertleri bilen baglylykda (aklaň çägeler), bu sebitiň çuňňur gurluşy ýeterlikli öwrenilen däldir. Bu bükülmäniň günortasynda 1975-nji ýylda Ördekli gurluşynyň 1-nji guýusy arkaly akçagyl we ýokarky gyzylreňkli çökündilerde kondensatly gazyň senagat toplanmalary ýüze çykaryldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işlerini alyp barýan «Körpeje» burawlaýyş müdirligi tarapyndan 2017-nji ýylda Uzynada meýdançasynda 7 belgili taslama çuňlugy 7150 metr bolan guýy gazylyp, ondan uglewodorodlaryň ýokary akymy alyndy.

Grawimetriýanyň maglumatlary boýunça bu ýerde çuňňur ýarylmalar, gömülen läbik wulkanlary we 30-a golaý belli bir derejede gömülen göterilmeler bilen şertlenen lokal položitel anomaliýalar–potensial duzaklar ýüze çykaryldy, olaryň agtarylmadyk serişdeleri deslapdan 40% diýlip bahalandyryldy. 

Kelkör bükülmesiniň gury ýer bölegi 100х15-30 kilometr ölçeglere eýedir, ol Hazar deňziniň akwatoriýasynyň çäklerinde günbatara tarap dowam edýär. Bükülmäniň nebitgazlylygynyň geljegi elmydama diýen ýaly položitel bahalanyp gelindi. Emma onuň geologiki gurluşynda köp zat aýdyňlaşman galýar, esasanam, 891-nji guýuda nebitiň senagat akymynyň (44,1m3/g.g) we käbir ýerlerde nebitiň we gazyň göni alamatlarynyň alnandygyna garamazdan, onuň çökündileriniň senagat nebitgazlylygy baradaky mesele çözülen däldir. Nebitgazlylygynyň geljeginiň häzirki serişdelerini bahalandyrmagy geçirmek maksady bilen Kelkör bükülmesinde geofiziki, geologiki-agtaryş we tematiki toplumlaýyn barlaglary dowam etdirmek teklip edilýär. 

Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07154 sek. ýüklenen baýt: 37029