Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Ýazylan wagty: 29 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. 

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşler dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar arkaly berkidilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. 

Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. Şunda, Özbegistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanýan doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. 

Milli Liderimiz hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belläp, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan umumy gyzyklanmalaryň we anyk syýasy erkiň bardygyny aýtdy. 

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we onuň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. 

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ynanyşmak häsiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik berdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze ugurlary öz içine alýan we anyk netijelere eýe bolýan döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ösdürilýär hem-de ählumumy abadançylygyň maksatlaryna hyzmat edýär. 

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. 

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew özara düşünişmek we ynanyşmak babatda ýokary derejä eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Okalan sany: 73   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09572 sek. ýüklenen baýt: 33446