Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TARYHY ÝOLUŇ TÄSIRI
Ýazylan wagty: 29 июня 2018 Ýazan NEXTTM
TARYHY ÝOLUŇ TÄSIRI 

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly taryha aýratyn sahypalar bolup girer. Gadymy Merw topragynda geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesi orta asyrlarda ýaşap geçen ata-babalarymyzyň näme bilen meşgul bolandyklaryny öwrenmeklige ýardam edýär.
 Mary welaýatyndaky Daňdanakan orta asyra degişli galada Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşynda arheologlarymyzyň taryhy tapyndylary ýüze çykarandygy ähli türkmen halkymyzy begendirdi. Ol tapyndylar taryhy müňýyllyklara uzaýan gadymy şäheriň her bir sere ýeriniň şol döwürdäki ykdysady, medeni we ruhy ýagdaýyndan habar berýär. Bu taryhy maglumatlar öz döwründe derman taýýarlamagyň täzeçil usullaryndan, lukmançylyk esbaplaryndan, ýagny çüýşe gaplaryndan peýdalanylandygyny subut edýär. Hormatly Prezidentimiz milli-ruhy gymmatlyklarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi we olaryň many-mazmunynyň ylmy esaslarda öwrenilmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda, taryhyň gatlagyna siňip, ir döwürlerde ýurdumyzda ägirt uly döwletler gurlup, beýik şahsyýetleriň Watany bolandygyna buýsanjyň artýar. Dünýä derejesinde giň meşhurlyga eýe bolan halklaryň arasyndaky dost-doganlykly ykdysady gatnaşyklar baradaky maglumatlar bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kitapda türkmen halkynyň myhmansöýerligi, kerwenleriň howpsuzlygynyň goragçysyna öwrülen gerçeklerimiziň edermenligi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalar hakynda taryhy maglumatlara, şeýle hem rowaýatlara aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Türkmen topragynyň hem suwuny içen, howasyndan dem alan, orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň atasy, Günbatarda Awisenna diýen at bilen, Gündogarda beýik Lukman Hekim hökmünde tanalýan ibn Sina Orta Aziýa halklarynyň buýsanjydyr. Alymyň öz döwründe şeýle uly ada eýe bolmagynda Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri uly bolupdyr. Dünýä halklarynyň alymlarynyň, lukmanlarynyň arasyndaky gatnaşyklar onuň biliminiň, hünäriniň artmagyna itergi beripdir.

Ibn Sina ilkinji bolup ýürek bölümleri we onuň gulaklary, ýyly ganyň iýmit daşaýjy suwuklykdygy hem-de uly we kiçi gan aýlanyşygy hakynda söz açýar. Süýji keseli bilen kesellänleriň peşewindäki şekeriň mukdary bilen keseli anyklamagyň ýoluny açan ilkinji genidir. Şeýle-de, operasiýa wagtynda ikinji gezek hassalara ukladyjy dermanlary oýlap tapan alymdyr. Ol «Tebipçiligiň kanunlary» atly dünýä belli kitabynda «Her kimsäniň tebibi onuň özüdir» diýip ýazýar. Saglygyňy goramagy, haýsydyr bir derde uçran halatyňda derrew öňüni alyş çärelerini görmegi ündeýär. Gowy baş çykarsaň, ýerini bilip ulansaň, tebigatyň her bir ot-çöpüniň gymmatly dermandygyny ýatlaýar. Belli tebip Lukman Hekim aýtmyşlaýyn: «Saglygyňa wagtynda seretmek uzak ömrüň kepilidir».

Mertebeli Prezidentimiz ýurdumyzyň etrap, obadyr şäher we welaýat merkezlerinde dürli ugurdan onlarça kesel bejeriş we öňüni alyş hassahanalaryny hem-de Saglyk öýlerini gurduryp berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredilen Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi munuň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. Mertebeli Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öz beýanyny tapdy.

Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05739 sek. ýüklenen baýt: 32432