Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
MERTEBE MENZILLERI
Ýazylan wagty: 29 июня 2018 Ýazan NEXTTM
MERTEBE MENZILLERI

 1989-njy ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlan ýaş ýetginjek Serdar Garlyýewiň kämillik ýolundaky ilkinji gadamlary ýönekeý işçilikden başlandy. Ol käbir ýaşlar ýaly turuwbaşdan ýokary okuw mekdebinde okap, bilimli hünärmen bolmakdan ötri, ilki bilen, zähmet tejribesini baýlaşdyrmaklygy maksat edindi. Şu nukdaýnazardan ol «Ata kesbi – ogla halal» diýen nakyla eýerip, öz ilkinji zähmet ýoluna kakasy, tejribeli hünärmen Geldi Garlyýewiň uzak ýyllaryň dowamynda işlän Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk tejribe menzilinde 2-nji derejeli işçi bolup gadam goýdy. 

«Çekseň zähmet – ýagar rähnet» diýlişi ýaly, bu ýerde gysga döwrüň içinde ymykly zähmet ýoluna düşen ýaş ýigidiň at-abraýy barha artyp başlaýar. Ýöne onuň öňünde täsin syrlary entek açylmadyk, umman ýaly uç-gyraksyz durmuş ýoly ýaýylyp ýatyrdy. Şonuň üçin hem zähmet ýolunda taplanan höwesek ýigidiň juwan kalbynda bilimini has-da kämilleşdirip, öz hünär ussatlygy bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine dahylly bolmaklyk höwesi döreýär. Ýaş ýigidiň bu babatdaky arzuw-hyýallary ony 1993-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň gapysyndan alyp barýar. 1998-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, nebitiň we gazyň geologiýasy ugry boýunça geolog, dag-inženeri hünärini ele alan S.Garlyýew birnäçe ýyllap «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalygy edarasynda dürli wezipelerde, şol sanda hojalygyň ýolbaşçysy wezipesinde-de işlemek bilen, öz iş tejribesini barha baýlaşdyrýar. 

2011-nji ýylda «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Baş gaz geçirijiniň ugrundaky «Çöllük» önümçilik edarasynyň Gaz gysyjy gullugynyň inženeri wezipesinde zähmet ýoluny dowam edýär. Çogly Garagumuň goýnunda ýerleşýän bu gaz gysyjy desgada medeni zolakdan uzakda ýerleşendigine garamazdan, gazçylaryň döwrebap işlemekleri we talabalaýyk dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini görmek bolýar. Müdirligiň düzümine girýän «Şatlyk», «Garagum» gaz gysyjy beketlerinden gelýän tebigy gazy arassalanan we güýçlendirilen görnüşinde demirgazykda ýerleşýän «Ýylanly» gaz gysyjy bekedine üstaşyr geçirmekde işler iki iş çalşygynda, bökdençsiz alnyp barylýar. 

– Edarada işleriň dünýäniň ösen kompýuter enjamlary we tilsimatlary arkaly dolandyrylmagy tebigy gazyň halkara hil derejesinde bolmagyny we önümçiligiň şazlaşykly gitmegini şertlendirýär. 

Bu ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy bagtyýarlyk zamanamyzda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geljekde ýurdumyzyň bu pudagyny gülledip ösdürjek nesliň kemala gelýändiginden habar berýär. Men bu ýere işe gelen günümden bäri gaz gysyş gullugynyň uly dispetçeri Saparbaý Rozumbaýew, şol gullugyň maşinisti, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» atly ýubileý medalynyň eýesi Orunbaý Ernazarow, ugur ulanyş gullugynyň önümçilik ussasy Mustapa Aşyrow, elektrohimiýa gorag gullugynyň hünärmeni Saparmyrat Pälwanow, elektrik ussasy Täzebaý Amanow, sürüjiler Hydyr Atabaýew, Reýim Amanmyradow, elektrik we gaz bilen kebşirleýjiler Nazar Gurbanow we Aşyr Baýramow ýaly önümçiligiň öňdebaryjylary bilen ýedi ýyldan gowrak wagtdan bäri egin-egne berip işleşmek bilen, öz iş tejribämi has-da artdyrýaryn. 

Bu ýerde gaz gysyjy we gaz geçiriji desgalarda işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän agzybirlikden, rowaçlykdan, zähmet adamsy barada edilýän aladadan aýdyň nyşan. Munuň üçin biziň Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok – diýip, tejribeli gazçy S.Garlyýew buýsançly aýdýar. 

Okalan sany: 92   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,19137 sek. ýüklenen baýt: 33118