Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Önümçilik howpsuz bolsun!
Ýazylan wagty: 30 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Önümçilik howpsuz bolsun!

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň nebitgaz ulgamyna degişli edara-kärhanalarynda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň doly hem-de dogry berjaý edilmegi önümçilik bilen baglanyşykly hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüniň alynmagynda örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu ugurda edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýän düşündiriş çäreleri, wagyz-nesihat maslahatlary hem özüniň oňat netijesini berýär. Şeýle çäreler Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki gaz ulgamyna degişli edara-kärhanalarda-da yzygiderli geçirilýär.

Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň edaranyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde geçiren maslahaty-da hut şu möhüm ähmiýetli wezipä bagyşlandy. Maslahata müdirligiň hem-de onuň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň, şeýle hem beýleki önümçilik bölümleriniň ýolbaşçylary, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzalary, baş hünärmenler, inžener-tehniki işgärler gatnaşdylar.

«Berkarar bagtyýar ýurdum – sagdyn zähmetiň mekanyny gurduň» diýen şygar esasynda geçirilen çärede  müdirligiň başlygy Muhammetgeldi Annamuhammedow, baş inženeri Sapaly Rahymow, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Guwanç Hummaýew dagy çykyş edip, edaranyň kärhanalarynda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy, şu ugurda öňde duran wajyp wezipeler dogrusynda birin-birin durup geçdiler. Olar iş wagtynda işgärleriň gorag serişdelerini, ýörite egin-eşikleri bildirilýän talaplara laýyk ulanmalydygyny bellediler.

Maslahatda işgärleriň arasynda zähmetiň tehniki howpsuzlygyny üpjün etmekde müdirligiň inžener-tehniki işgärlerine aýratyn jogapkärçiligiň degişlidigi nygtaldy. Müdirligiň gaz känlerindäki kärhanalarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişini barlamak üçin hemişelik hereket edýän toparyň işini has-da güýçlendirmek dogrusynda-da ýörite durlup geçildi.

Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05342 sek. ýüklenen baýt: 30784