Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Beýik Akyldaryň dogduk mekanyndaky dabara
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM

Beýik Akyldaryň dogduk mekanyndaky dabara

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamzadyň ruhy-medeni ösüşine gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmegiň, geljekki nesiller üçin aýawly saklamagyň hem-de olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegiň berk binýady tutuldy. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, däp-dessurlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki, nesilleri ruhy-ahlak taýdan kämilleşdirmekdäki hyzmatyna aýratyn möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, şol bir wagtda hem indi her ýylda geçirilmegi asylly ýörelgä öwrülen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän dürli derejeli medeni çäreler bu mizemez hakykatyň buýsançly subutnamalarydyr. Goşa baýramçylygyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet, sungat, bilim, döredijilik işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ruhubelentlik bilen gatnaşmaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanynda geçirilen dabaraly çäreler şeýle buýsançly hakykatlaryň üstüni ýetirdi. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar beýik akyldaryň adyny uly hormat bilen göterýän etrapda halkymyzyň kämil däp-dessurlaryna eýerilip, duz-çörek, ter gül desseleri hem-de joşgunly aýdym-sazlar bilen garşylandy.

Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň «Sumbar» halk tans-folklor toparynyň çykyşlary myhmanlara ruhy lezzet paýlap, dowamly ýaňlanan el çarpyşmalara mynasyp boldy. Göwün göteriji çykyşlar milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Prezidentimiziň adyna aýdylýan alkyşly sözleriň hem özboluşly beýanyna öwrüldi.

Kalplara joşgun, göwünlere ruhubelentlik paýlan çykyşlardan soňra dabara gatnaşyjylar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň, dana şahyrymyzyň Magtymguly şäherindäki nurana heýkeline ter gül çemenlerini goýup, ruhuna tagzym etdiler. Bu pursat ata Watanymyzda halkymyzyň azat hem-de bagtyýar durmuşy, berkarar döwlet hakynda edýän arzuwlaryny öz döredijiliginde giňden beýan eden beýik söz ussadyna goýulýan hormat-sarpanyň çäksizdigini, bakydygyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaş zehinleriň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň gerim berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen milli tanslarda Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň eşretleri taryplandy. Beýik söz ussadynyň şygyrlaryna döredilen halk aýdymlaram joşgunly ýaňlandy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylan baýramçylyk çäreleri soňra akyldar şahyryň Gerkez obasyndaky muzeýine, şeýle-de medeniýetimize, sungatymyza, beýik akyldarlarymyza, alymlarymyza uly sarpa goýýan Arkadag Prezidentimiziň döwlet derejesindäki aladalary bilen Magtymguly şäherinde bina edilen Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumyna we muzeýine gezelençler bilen dowam etdi. Bagtyýarlyk döwrümiziň ýokary binagärlik talaplaryna laýyklykda gurlup, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki söz ussatlarymyzyň heýkellerini özünde jemleýän medeni ýadygärlikler toplumy hem-de kaşaň muzeýiň ýöriteleşdirilen zallarynda ýerleşdirilen mukaddes Garaşsyzlygymyza, akyldar şahyryň edebi mirasyna, şahyryň dogduk mekanynyň tebigatyna degişli hem-de etnografik gymmatlyklar, arheologik tapyndylar, olar baradaky täsin gürrüňler hemmelerde uly gyzyklanmalary döretdi. ªunuň ýaly bahasyz gymmatlyklar bilen ýakyndan tanşyp, olar baradaky täsirli söhbetleri höwes bilen diňlän dabara gatnaşyjylar muzeýiň maslahatlar zalynda «Magtymguly Pyragy - kalbymyzyň buýsanjy» diýen at bilen geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşdylar.

Onda ýurdumyzyň tanymal şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, alymlarynyň hem-de magtymgulyşynaslaryň çuň mazmunly çykyşlaryna giň gerim berildi. Goşa baýramy gutlamakdan başlanan çykyşlarda öwran-öwran nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz başlangyçlary, nusgalyk goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamakda we öwrenmekde, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde, medeniýetimizi, sungatymyzy baýlaşdyrmakda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle aladalaryň çäklerinde nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň dana kitaplary dowamly neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. 

Umumadamzat şahyry hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň tutuşlygyna akyl-paýhasa ýugrulan döredijiligini dünýä ýaýmakda alnyp barylýan tutumly işler muňa doly şaýatlyk edýär. Ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde toýlanylmagy tutuş halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan döredijiligini dünýä ýaýmakda, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde nusgalyk tutumlary durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyşly sözler döredijilik duşuşygynyň hem-de goşa baýramyň hormatyna beýik akyldaryň dogduk mekanynda geçirilen dabaraly çäreleriň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.  

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05118 sek. ýüklenen baýt: 35177