Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Keselleriň öňüni alyş işleri kämilleşýär
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM


“Keselleriň öňüni alyş işleri kämilleşýär.”

Men Türkmenbaşy şäher saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogažanýan Mariýa Larionowna Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ulgamyň maddy enjamlaýyn binýadyny ösdürmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna badalga berdi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde aýratyn hem ýokanç keselleriň öňüni almakda we ýurdumyzyň ilatynyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-nyň Çagalar gaznasy (UNICEF) agyz suwynyň we iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça yzgyderli netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. 

Soňky ýyllarda dünýäde wirusly gelip çykyşly keseller agdyklyk edýär. Olaryň gysga wagtyň dowamynda ýaýramagyny keselleriň geçişiniň agyrlygyny hasaba almak bilen ýurdymyzda wirusologik barlaghana ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýagny ýurdymyzda bakterial, wirusly we parazitologiki keselleri anyklamak boýunça barlaghanalar ýylsaýyn kämilleşýär. Ýurdumyzda ýokanç kesellere garşy epidemiologiýa gözegçiligi ulgamy doly ýola goýuldy we ýylsaýyn kämilleşýär. Bu meselede ileri tutulan ugurlaryň biri waksinalar bilen öňüni alyş çäreleriň amala aşyrylmagydyr. Bu babatda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan tassyklanan “2003-2020-nji ýyllar üçin Immuno öňüni alyş” Milli maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Ýokanç keselleriň öňüni almaga ýurdymyzda uly möçberde serişde göýberlip, bu serişdeleriň möçberi ýylsayn artýar. 2002-nji ýyldan başlap waksinalar we sanjym etmek üçin enjamlar UNICEF bilen özara ylalaşygyň çäklerinde satyn alynýar. Çagalara sanjym etmek bolsa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwanamalaşdyrlan ýokary hilli waksinalar bilen geçirlip, çagalary öňüni alyş sanjymlary bilen gurşap almagyň ýokary derejesi saklanylýar. Bu ugurdan takyk hasabat ýöretmek we ýokary netije gazanmak üçin keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibi hereket edýär. Çagalaryň esasy öňüni alyş sanjymlar bilen gurşalyp alynmagynyň goldanylmagy bilen bir hatarda bu möhüm çäräniň milli kalendaryna täze waksinalar yzgyderli girizilýär. 

Häzirki wagtda öňüni alyş sanjymlaryň milli kalendaryna laýyklykda çagalar tölegsiz esasda 10-dan gowrak ýokanç kesellere ýagny, gökbogma, difteriýa, bürme, “B” gepatite, “b” görnüşli gemofil ýokanjyna, gyzamyga we gyzylja garşy köpçülikleýin çäre geçirildi. Ýokary hilli öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi we waksinalar bilen dolandyrylýan ýokançlara netijeli epidemiologiýa gözegçiliginiň utgaşdyrylmagy uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Şonuň netijesinde mysal ňçin poliomelit, difteriýa ýaly käbir ýokanç keseller doly ýok edildi we börme, gökbogma, hapgyrtma we beýleki ýokanç keseller bilen keselleýänleriň sany düýpli azaldy.

Gazanylan netijelerde oba, şäher saglyk öýleriniň saglygy goraýyş işgärleriniň goşandy hem ulydyr. Ýagny her bir raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünde “Gatnawly bejergi alýan näsagyň kartasy” bolup, onda raýatyň doglan wagtyndan başlap nähilli keseller bilen keselländigi, nähilli we nirede bejergi alandygy hemde haýsy kesellere garşy sanjym alandygy bellik edilýär. Bu bolsa adam saglygyny goramak üçin geçirilýän çäreleri doly we dogry alyp barmaga, näsaga hemmetaraplaýyn dogry baha bermäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda maşgala lukmanlar raýatlar bilen ysnyşykly gatnaşykda bolup, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Ýokarda görkezilen sanjymlar dünýäniň sanlyja döwletinde mugt amala aşyrylýar. Bu döwletleriň arasynda Türkmenistanyň hem bolmagy ýurdymyzda adam hakynda edilýän aladanyň ilkinji orundadygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. 

Güneşli ýurdymyzda saglygy goraýyş ulgamy günsaýyn kämilleşip, döwrebap hassahanalar anyklaýyş we ylmy kliniki merkezler gurulýar hem-de saglygy gorýyş edaralary öňdebaryjy ýurtlaryň lukmançylyk enjamlary bilen yzgyderli üpjün edilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlardan tejribeli hünärmenler ýurdymyza çagyrylýar we ýerli hünärmenler dürli ýurtlara okuwa tejribe alyşmaga ugradylýar. Gelejekde ýurdymyzyň saglygy goraýýş ulgamynyň has kämil derejä çykjakdygyna men ynanýaryn we adam hakdaky edilýän alada hem-de işlemäge döredilip berlen şeýle mümkinçilikler üçin çuňňur minetdarlygymy bildirýärin. 

Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07126 sek. ýüklenen baýt: 34329