Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Mekdep okuwçylarynyň dynç alşy başlandy.
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM
Mekdep  okuwçylarynyň  dynç alşy  başlandy.

Türkmenistan  saglygyň  hem-de ruhy galkynyşyň  gadymy  mekany  hökmünde  tanalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni şatlyk-şagalaňa,  şadyýan owazlara  beslenýär.  Tomus  çagalaryň  iň  eý  görýän  pasly,  çünki  tomusda  çagalar  dynç  alyş  merkezlerinde  dynç  alyp,  özleriniň  başarnyklaryny  görkezmek  üçin  gurulýan  bäsleşikler  gurnalyp,  olarda  uly  gyzyklanma  döredýär.  

Mary  welaýatynyň  Ýolöten  etrabynda  jemi  48  sany  mekdep  bolup,  onuň  24  mekdebinde  çagalaryň  dynç  almaklary  üçin  mümkinçilikler  döredildi.  Dynç  alyş  mekdeplerde  telewizor,  sowadyjy  we  oýnawaçlar  bilen  üpjün  edildi.  Çagalaryň  gowy  dynç  almaklary  üçin  aýdym-saz  mugallymlary,  bedenterbiýe  mugallymlary-da  berkidildi. Çagalar bu döwürde muzeýlere, seýilgählere gezelenç  edip  wagtlaryny  hoş  geçirýärler. Ol mekdepleriň  ýaş  nesliň  döwrebap  terbiýelenmegi,   sagdyn  ösüp  ýetişmekleri  üçin  oňaýly şertleriň  döredilmegi  bagtyýar  çagalaryň  kalbyny  has-da  joşdurýar:

Men  Watan  balasy,  
Ulalýan  sende.
Guşlaryň  sesine,
Oýanýan  günde.

Olar   Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwri  hakynda  aýdymdyr,  goşgulary  aýdýarlar,  suratlar  çekýärler.  “Türkmenistan  - bagtly   çagalygyň,  iň  arzyly  islegleriniň   hasyl  bolýan  ýurdudyr”   hormatly  Prezidentimiziň   bu  aýdan  sözlerini   dogrudan-da,  durmuşa  ornaşyp,  hakyky   many-mazmuna  eýedigi  hemmelere  aýdyňdyr.  Ine,  çagalaryň   ýürekden  çykýan  owazy:

Öýmüzde   suratda,  
Arkadagym  bar.
Paýhasly  Gerçegim,
Howandarym  bar -   şeýle  ýaňlanýar.   

Türkmen  halkyna  eşret  derýasynyň   suwuny  gönderip,  sahylyk  bilen il-gününe  bagt  paýlaýan,  nurly  Kuýaş  bolup  halkyny  çoýýan  hormatly  Prezidentimiz   ýurdumyzy  arzuw – islegleriň   hasyl  bolýan  mekanyna  öwürdi.   Halkyň  aladasyny  gerdenine  alan  gerçek  Ogluň  goja  zemine  ýaň  salýan   belent  maksatlary  hiç  zat  bilen  deňär  ýaly  däl.   Geljegimiz  bolan  çagalaryň  bagtyýarlygyny,  erkanalygyny  synlanyňda   ýüregiň  joşa  gelip,  buýsanjyň  artýar.   Şadyýan,  bagtyýar  balalaryň  dillerinde  eziz  Arkadaga  bolan  söýgüsini,  buýsanjyny  şu   setirleriň  üsti  bilen    aýdyň  görmek  bolýar:

Seni  söýdüm,  söýýän,  söýüp  gezerin,
Seň  şanyňa  goşgy – dessan  düzerin,
Seniň  gujagyňda  bagtda  ýüzerin,
Eziz  Arkadagym,  eziz  Watanym !

Prezidentimiziň:  “Halkymyzyň  saglygy,  ýurdumyzyň  abadançylygy  meniň  üçin  hemme  zatdan  ileridir”  diýen  sözleri  hakyky,  öz  halkyna  ähli  yhlasyny  siňdiren  ynsanperwerligi   äleme  aýandyr.  Bu  günki  gün  hormatly  Prezidentimiziň  taýsyz  tagallasy  bilen  bagtyýarlyk  kölünde  ýüzýän  ýaş  nesliň  ak  ganatly  ak  arzuwlary  hakykata  öwrülýär.  

Öz  halkyny  Gün  kibi  çoýýan   hormatly  Prezidentimize  aýdylýan  alkyşlaryň  yzy  üzülenok.  Alkyş  sözleri  bolsa  tutuş  türkmen  halkynyň  ýürek  owazy,  ýakymly  mukam  bolup  ýaňlanýar.   Geljegimiz  bolan  ýaş  nesliň  bagtyýarlygy,   ýurdumyzyň   bagtyýarlygydyr.     

Okalan sany: 64   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06245 sek. ýüklenen baýt: 35459