Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Yslam dininde Mukruh barada.
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM
Yslam dininde Mukruh barada.

Mekruh. Dinimizde amal edilmezligi ýagşy görlen amallara mekruh diýilýär. Beýle amallar Allatagalanyň we Pygamberimiziň halamadyk, şeýle hem ybadatlaryň sogabynyň azalmagyna sebäp bolýan işlerdir. Mekruh amallar anyk bolmadyk deliller bilen gadagan edilendir. Eger takyk deliller bilen gadagan edilse, onda haram bolýar.

Mekruhyň iki görnüşi bar:
1.Tahrimen – mekruh. Bu harama ýakyn mekruh diýmekdir. Aslynda tahrimen mekruh bolan amallar haram edilen işlerdir, emma olaryň haramlygyny bildirýän deliller takyk bolmanlygy sebäpli mekruh diýip alnandyr. Mekruhyň bu görnüşi harama has ýakyndyr. Namazda wajyplary terk etmek tahrimen mekruhdyr we bilgeşleýin wajyby terk edilen namazy gaýtadan okamak wajypdyr. Eger ýalňyşyp wajyby terk etse, onda namazyň içinde “sejde säw” edip, goýberen ýalňyşyny düzeder.

2. Tenzihen – mekruh. Halala ýakyn mekruh diýmekdir, ýagny mubaha, halal işlere ýakyn bolan ýa-da edilmeginden saklanylmagy has gowy bolan işlerdir. “Gaýry müekkede” sünnetleriniň, mustehablaryň terk edilmegi we sag el bilen sümgürinmek tenzihen mekruhdyr.

Mekruhyň hökümi: mekruh amaly eden ahyretde soraga çekilmez, ýöne sogapdan mahrum bolar.
Ýokardaky aýdyp geçen ybadat görnüşlerimizden başga mufsit hem bardyr. Haýsy-da bolsa bir ybadatyň bozulmagyna sebäp bolýan zada mufsit diýilýär. Muňa mysal edip namaz okap duran adamyň gülmegini aýdyp bolar. Eger namaz okap duran adamyň gülküsi gapdalyndaky adamlara eşidilse, onda ol adamyň namazy hem-de täreti bozulýar. Diňe özi eşitjek ýagdaýda gülse, täreti bozulmaýar, ýöne okap duran namazyny gaýtadan okamaly bolýar.

Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun!

Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07166 sek. ýüklenen baýt: 31250