Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Medeniýet hepdeligi 2018
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM


Medeniýet hepdeligi 2018

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Nowruz ýaýlasy – türkmeniň ak öýi” binasynda “Medeniýet hepdeligi – 2018”-iň jemleýji güni ýapylyş dabarasy boldy. Her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanýan şu ýylda bolsa ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramçylgynyň bellenilmegi bu giň gerimli çäre türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirlendir.

Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynda tapgyrma-tapgyr geçirilip, sebitleriň taryhy-medeni mirasyny dürli öwüşginde açyp görkezýär. Olaryň her biri gadymy siwilizasiýalaryň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeniýetiniň subutnamalaryny özünde saklaýar.

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyşy mynasybetli ýurdumyzyp çar künjünden gelen medeniýet we sungat işgärlerini Türkmeniň Ak öýi binasynyň öňündäki ak öýler dikilip baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada türkmeniň ata-babadan gelýän däp-dessuryna laýyklykda gyzlaryň elleri duz-çörekli olary garşylanyş dabarasy boldy. Bu ýerde Ahal welaýat häkimliginiň we medeniýet müdirliginiň guramagynda aýdym-sazly dabaralar giň gerime eýe bolup çärä gatnaşyjylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Binanyň eýwanynda ajaýyp milli sazlar ýaňlanýar, sergiler guralyp, olaryň gymmatlyklary halkymyzyň özboluşly däpleri, baý medeni mirasy, sungaty barada söz açylýar. Dürli senetler, heýkeltaraşlyk, zergärleriň nepis işleri hem-de ussat suratkeşleriň eserleri dürli öwüşginde açylyp görkezilýär.

Çäre gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň orunbasarlarynyň, Ministrleriň we olaryň garamagyndaky edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň we ýurdumyzyň döredijilik okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar bar.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň iberen gutlagynyň okalmagy bu dabara gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra Nowruz ýaýlasyndaky türkmeniň ak öýüniň sahnasynda uly giň göwrümli konsert boldy, onda sungat ussatlary we ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary çykyş etdiler. Çykyşlaryň baý many-mazmuny, olaryň sahna bezegi, häzirki zaman tehniki serişdeleriň giňden ulanylmagy, wideoşekilleriň görkezilmegi bilen aýdyň beýan edildi.

Aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ony dörediji we ruhlandyryjy milli Liderimizi wasp edýän şahyrana setirler bilen dowam etdirilýär. Artistlrtiň çykyşlary bilen bir wagtda sahnada peýda bolýan wideoşekiller milli Liderimiziň oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bilen baglanşykly ýurdumyzyň medeni durmuşynyň ähmiýetli wakalaryny şöhlelendirýär.

Asylly däbe görä, sungat ussatlary özleriniň hünär baýramyna bagyşlap, döreden aýdym-sazlaryny bu gün ilkinji gezek ýerine ýetirdiler. Halk we häzirki zaman äheňleri, nusgawy saz eserleri, aýdyň horeografiýa we folklýor çykyşlary konsertiň maksatnamasyny düzdi, olar asyrlaryň jümmişinden gaýdyp, biziň günlerimize çenli gelip ýeten hem-de aýawly saklanylýan türkmen sungatynyň özboluşly däp-dessurlaryny we ýörelgelerini beýan edýär. Folklýor eserleriniň köpüsi ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerine mahsusdyr, emma şonuň bilen birlikde olaryň ählisi milli medeniýetimiziň bitewi, köpöwüşginli sazlaşygyny emele getirýär.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda ýerine ýetirilen jemleýji aýdymda, milli medeniýetimiziň sazlaşygynyň we ruhy güýjiniň kuwwatly energetikasy jemlenýär.

Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05331 sek. ýüklenen baýt: 34271