Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
ZYÝANLY ENDIKLER بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM

ZYÝANLY ENDIKLER
بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ

Maddy we ruhy sagdynlyk ynsanyň barlygyny we ýaşaýşyny manyly edýän iň gymmatly göwherdir. Jemgyýetiň maşgalalardan, maşgalalaryň bolsa şahslardan emele gelýänligini göz öňünde tutsak, jemgyýetiň sagdynlygynyň şahslaryň sagdynlygyna baglydygyna düşünmek kyn däldir. Diýmek, jemgyýetiň maddy we ruhy sagdynlygyny gazanmak şol jemgyýeti emele getirýän şahslaryň saglygyny goramak bilen mümkin bolar. Jemgyýet, düzümindäki maşgalalaryň agzybir, şahslaryň sagdyn, güýçli, gaýratly, edermen, ruhubelent, zähmetsöýer, sabyrly, kanagatly, özüne erkli, ahlakly, edepli, salykatly, ukyply, başarjaň bolan wagty ykdysady hem-de medeni taýdan dowamly ösüşler gazanar. Içinde ýaşaýan şahyslaryna görä röwüş alan şeýle jemgyýetde ýaşamak egsilmeýän bagt bolar. 

Ybadatdan we haýyrly işlerden saklaýan, olara päsgelçilik döredýän zatlar bolsa dini tarapdan haramdyr. Alkogolly içgileriň we şoňa meňzeş erbet endikleriň, özüne “men” diýen birnäçe ýaş adamlaryň ýüzlerini ýere salyp, olary haýyrdan, bähbitden we peýdadan alyp galýanlygyňyň mysaly köpdür. Durmuşdan lezzet almaklygyň haram ýollaryny saýlap alanlaryň göwünleri Allatagala gulluk etmek hyýalynda-da bolsa, şol haram keýplerden aýrylyp bilmändikleri üçin ömrüniň ahyryna çenli “Nesip bolsa, ertir berjaý ederin” sözüne aldanyp, dünýä bilen hoşlaşmaly wagtyň gelenligini duýman galýarlar. Türkmeniň berk bellemeli esasy terbiýeleriniň biri “Soňky tüýküligiň sakgal ezmejekligidir.” Allatagala ynsan ogluna üzümi, hurmany, bugdaýy halal rysgallar edip ýaradypdyr. Ýöne bulardan serhoşlyk beriji şeraplary ýasamaklygy we içmekligi haram edipdir. Zenanlary mukaddes bir ene, uýa, ýanýoldaş hökmünde ýaradypdyr. Jemgyýete asly päk, edepli-terbiýeli, dinine-ýurduna wepaly yagşy nesiller ýetişdirip, adamzadyň dowamatyny üpjün etmek maksady bilen erkekde-aýalda bir-birine bolan söýgi we merhemeti goýupdyr. Şol söýgüden lezzet almaklygyň halal ýollaryny görkezipdir we görkezilen ýoluň daşynda galan ýollaryň ähli görnüşini haram edipdir. 

Akylyň goralmagy
Allatagala ynsanlary ýaradanynda, olara ýagşy bilen ýamany, gowy bilen erbedi, gelşikli bilen betgelşigi bir-birinden aýyl-saýyl edip bilmek ukybyny beripdir. Bu ukyp, akyl we erk-eradadyr. Erada, yagny ýagşyny ýamandan aýyl-saýyl etmek ukyby ynsanlara berlen nygmatlaryň iň ulusydyr. Ynsan ogly özüne berlen akyly we eradasy bilen beýleki jandarlardan tapawutlanýar, şol wagtyň özünde-de dine we ynsanlyga degişli bolan borçlary öz üstüne alýar. Eradany ynsanyň bir zady arzuw etme we ýerine ýetirme islegi hökmünde kesgitlemek bolar. Ahzab süresiniň 72-nji aýatyndaky:

 اِنَّا عَرَضْنَا الْاَمَانَةَ عَلَى السَّمٰوَاتِ وَالْاَرْضِ وَالْجِبَالِ
 فَاَبَيْنَ اَنْ يَحْمِلْنَهَا وَاَشْفَقْنَ مِنْهَا وَحَمَلَهَا الْاِنْسَانُ اِنَّهُ كَانَ ظَلُومًا جَهُولًا
 “Biz amanady göklere, ýere we daglara teklip etdik, olar amanaty üstlerine almakdan ýüz öwürdiler, ondan çekindiler. Ony ynsan boynuna aldy. Ol, örän zalym hem-de nadandyr”.
Ynsanyň öz boýnuna alanlygy aýdylýan amanat sözüni “erada” diýip düşündiren alymlar hem bolupdyr. Şonuň üçin hem ynsanyň din we ynsanlyk bilen baglanyşykly bolan borç we jogapkärçilikleriniň ählisi erk-erada baglydyr. Erada ynsany jogapkär edýän mukaddes bir amanatdyr.

Şol sebäpli hem akylyň barlag mehanizmi bolan eradanyň goralmagy dini zerurlykdyr. Akyl we eradany passiw ýagdaýa düşürýän ähli maddalar, serhoşluk bermeseler-de, Yslam alymlarynyň pikirdeşligi bilen haram diýlip kabul edilipdir.

Ynsan ogly erbetlik etmeklige ukyply görnüşde ýaradylypdyr. Hata goýbermek, unutmak, ýalňyşmak we gapyllyk ýaly käbir ýetmezçilikler onuň zandynda bardyr. Bu ýetmezçilikler ynsan bilen baglanyşykly erbetlikleriň köp böleginiň esasy sebäbidir. Çünki ynsanlaryň hiç biri şunuň ýaly kemçilikleriň sebäp bolýan hatalaryndan sypyp bilmeyär. Ýöne bu hatalar yzygiderli we bilgeşleýin edilmese, hakyky manyda erbetlik hökmünde görülmeýär. Munuň tersine, endige öwrülen kiçi günäler uly günä ýaly hasap edilipdir. Şeýlelik bilen hem ynsanyň hereketlerinde ýüze çykýan erbetlikleriň esasy sebäplerinden biriniň “endikdigi” bellenip geçilipdir.

Okalan sany: 122   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08288 sek. ýüklenen baýt: 34571