Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Watanymyz ak bugdaýyň mekanydyr
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM
Watanymyz  ak  bugdaýyň  mekanydyr

Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  halkymyzy  bagtly  durmuşda,  azyk bolçulygynda ýaşadýan  hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedow  eziz  Watanymyzyň  welaýatlarynda  Türkmenistan  - Beýik  Ýüpek  ýolunyň  ýüregi  ýylynyň  birinji  iýunynda  ýetişdirilen  bol  galla  hasylyny  isripsiz,  öz  wagtynda  ýygnamak  üçin  özüniň  ak  patasyny  berdi.  Bu  rysgal-döwletli  görkezme  biziň  welaýatymyzda  uly  goldaw  tapdy.  Bu  mynasybetli  welaýat  häkimliginiň  mejlisler  jaýynda  gallaçylyga  dahylly  adamlaryň  gatnaşmagynda  maslahat  geçirildi.  

Şeýle  hem,  bugdaý  hasylyny  wagtynda  ýygnamak  barada  beren  görkezmesi  üçin  Gahryman  Prezidentimiziň  adyna  hoşallyk  sözleri  aýdyldy.  
 
Gül  açýar,  gül  seçýär  keremli  toprak,
Sapaly  zamanda  adamlar  juwan,
Berekedi  egsilmeýän  toprakdan,
Yrsgyny  tapanlar  juda  mähriban.

Şeýle   döwletli  maslahatyň  dowamy  tomus  paslynyň   ilkinji  gününde  galla  oragyna  girişmek  baradaky  asylly  işe  utgaşdy.   Galla  meýdanynyň  bir  tarapyny  hormatly  Prezidentimiziň   daşary  ýurtlardan  alyp  beren  kombaýynlarynyň  hatary  bezeýär.  Beýleki  bir  tarapy  giň  sahna,  ak  öýler,  milli  gymmatlyklarymyza  degişli   sergiler  besleýär.  Ol  ýerde  aýdym-sazyň dabarasy  giňden  ýaňlanyp  bereketli  galla  oragyna  girişildi:

Däne  bol,  hana  bol,  çörekli  ýurdum,
Allaň  keremi  bar,  hem  ýalkanyş  bar,
Dana  Ogluň  yhlasyna  eýlenen,
Tükenmez  mülküm  bar,  hem  tolkunyş  bar.

“Çäjiňize  bereket”, “Galla hasylynyň  berekedi  egsilmesin”  diýen  sözleri  gaýtalaýan  il sylagly ýaşulularymyz oraga başladylar. Olar guşgursak däneden doly  çogdamlardan  ellerini  dolduryp, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş  baryny  aýtdylar:

Galamyz  bar,  mirasym  bar,  Senam  bar,
Döwran  sürýäs,  ak  mermerden  binam  bar,
Adalatly  Arkadag  bar,  penam  bar.
Ýaşa,  Arkadagym,  ýaşa  sen,  ýaşa!
Baky  ýaşa,  ýollarmyza  nur  çaýyp.

Türkmenistan  -  Beýik  Ýüpek  ýolunyň   ýüregi  ýylynda  gallaçylarymyzyň  üstünliklere  eýe  boljakdygyna  berk  ynam  döredýär.  Türkmen  halkynyň  bagtyýar  durmuşda we bolçulykda ýaşamagy üçin, taýsyz tagallalary edýän eziz  Arkadagymyza   tüýs  ýürekden  taňyrýalkasyn aýdýarys.  

Okalan sany: 50   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05598 sek. ýüklenen baýt: 33520