Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ezberler öňe saýlandy
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM


“Ezberler öňe saýlandy.”

Türkmenbaşy şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň UŞU boýunça tälimçisi Jumamayrat Garlyýew bilen söhbetdeş...
 
“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly 2018-nji ýylda ýurdymyzda sport çäreleri giň gerim alyar. 3-nji iýunda ilkinji gezek ýurdymyzyň öňe süren başlangyçlary bilen dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda ýurdymyzyň ähli künjeklerinde bütindünýä welosiped güni bellenip geçildi. Ýurdymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ugrynda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. 

Golayda ýaşlaryň arasynda sporta bolan söýgini ösdürmek, ýaş türgenleri sporta işjeň çekmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklyga höwesi döretmek ugrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde gojaman Hazary ýakalap oturan Türkmenbaşy şäherinde bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji we 3-nji sport mekdeplerinde sportuň Çeper gimnastika we UŞU görnüşleri boýunça 10-18 ýaşly ýetginjekleriň arasynda “Balkan welaýatynyň açyk çempionaty” geçirildi. 



UŞU boýunça geçirlen ýaryşa Aşgabat şäherinden, Ahal welaýatyndan, Mary welaýatyndan, Daşoguz welaýatyndan şeýle-de Balkan welaýatynyň Balkanabat, Gumdag we Türkmenbaşy şäherlerinden 79 sany türgenler gatnaşdylar. Ýaryş “Halkara UŞU Federasiýasynyň” düzgünnamasy esasynda gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi. UŞU boýunça geçirlen ýaryşda Türkmenbaşy şäheriniň Kenar sport mekdebiniň türgenleri şowly çykyş edip, olardan Garlyýew Süleýman, Baýramowa Ogultäç, Döwletow Ýusup, Seýitnazarowa Mähriban dagylar birinji baýrakly orunlara mynasyp boldular. 

Şeýle-de ýaryşda Daşoguz welaýatynyň türgenleri 2-nji oruna, Mary welaýatynyň türgenleri 3-nji oruna mynasyp boldular. Ýaryş wagtynda emin agzalary, gözegçilik edýän lukmanlar topary tarapyndan hiç-hili ten şikesi we arz-şikaýatlar hasaba alynmady. Ýeňiji bolan toparlar Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Ýaryşda üstünlikli çykyş edip gowy netije gazanan aşakda atlary görkezilen türgenler Garlyýew Süleýman, Garlyýewa Aýperi, Bayramowa Ogultäç, Annaşow Annaş, Myratnyýazow Mahmut, Seýitnazarowa Mähriban, Döwletow Ýusup dagylar sport derejesini bermek üçin hödürlendiler.


Sportuň Çeper gimnastika görnüşini ösdürmek we wagyz etmek, türgenleriň sport derejelerini artdyrmak, döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlara taýýarlyk görmek ugrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji sport mekdebinde 10-15 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda geçirilen ýaryş hem örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bu ýaryşa Aşgabat şäherinden we ýurdymyzyň welaýatlaryndan 30-dan gowrak türgenler gatnaşdylar. Bu babatda men sportuň çeper gimnastika görnüşi boýunça Balkan welaýaty boýunça diňe Türkmenbaşy şäherinde tälimçi Paýarkina Galinanyň toparynyň türgenleriniň bardygyny bellemek isleýärin. Türkmenbaşy şäherinde, Awaza MSZ-da geçirilýän çärelerde bu toparyň türgenleri özboluşly sport tanslaryny ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgylary döredýärler. 


Çeper gimnastika boýunça geçirlen ýaryşda Türkmenbaşy şäherinden Başirowa Selin, Çerkezowa melana, kiselýowa Galina, Gulbaýewa Meňligül, Aşgabat şäherinden Kurdupowa Weronika, Hanapowa Inara, Aşirowa Leýli dagylar üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenlere Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan hormat hatlary we gymmatbaha sowgatlar bilen sylaglandy.

Sagdyn nesli kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugrunda geçirilýän her bir sport çäreleri oňa gatnaşan her bir ýetginjekleriň arasynda ýokary ruhybeletligi kemala getirip, olarda birek-birege bolan dostlygy, hormat-sylagy ösdürýär. Gözlerinde şatlyk uçgunlary uçganaklaýan ýaşajyk türgenlermize hemişe uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edesim gelýär!


Okalan sany: 90   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05201 sek. ýüklenen baýt: 34751