Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
MÖHÜM PUDAGYŇ KUWWATY ARTDYRYLÝAR
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM

MÖHÜM  PUDAGYŇ KUWWATY 
ARTDYRYLÝAR

Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, rowaçlyklara beslenýän täze taryhy eýýamyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz ösüşleriň belent basgançaklaryna çykýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bady artýan düýpli özgertmeler oňyn netijelerini berýär. şeýle öňegidişlikler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda has-da aýdyňlygy bilen duýulýar. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm pudagy ösdürmäge iňňän uly ähmiýet berýär. Bu tötänden däldir. Sebäbi elektroenergetika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy beýleki pudaklaryňam durnukly öňe gitmegine giň mümkinçilikleri açýar.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar. Häzirki zaman kämil tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berilýär. Öňden bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň durky täzelenýär. Öňdebaryjy, ykdysady taýdan tygşytly we ekologiki taýdan arassa önümçilikli iň täze tehnologiki enjamlar ornaşdyrylýar. Mary DES-iniň çäginde gurlup, işe girizilen täze elektrik stansiýasam, gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýan has ýokary öndürijilikli ýene bir elektrik stansiýasam ýokarda ýatlanlarymyza aýdyň mysaldyr. Bularyň hemmesi elektrik energiýasynyň öndürilişiniň has ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Okalan sany: 86   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05134 sek. ýüklenen baýt: 30330