Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ ULAG SYÝASATY
Ýazylan wagty: 02 июля 2018 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ ULAG  SYÝASATY

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamany kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny  ösdürmekde aýratyn uly ornunyň bardygyny göz öňünde tutup, ylmy taýdan esaslandyrylan, sebitiň, bütin dünýäniň ýurtlaryna bähbitli, abraýly halkara guramalary tarapyndan gyzgyn goldaw tapan başlangyçlary yzygiderli öňe sürdi. Bu başlangyçlary işjeň durmuşa geçirmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirdi.

Şol geçirlen işleriň netijesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” baradaky Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň düýp sebäbi hem onuň ähli döwletleriň milli bähbitlerine laýyk gelýändigidir. 

Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05283 sek. ýüklenen baýt: 29565