Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärlerine
Ýazylan wagty: 05 июля 2018 Ýazan NEXTTM

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärlerine

 

Hormatly kazyýet edaralarynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär. Her bir raýatyň erkin hem-de mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär we ýeterlik goldaw berýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.

Ýurdumyzyň kazyýet edaralary adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramagy amala aşyrýar. Kazyýetiň ähli işi kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna eltýän sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.

Her bir hukuk döwletinde kazyýet ulgamy döwlet goragynyň netijeli görnüşi hökmünde uly ähmiýete eýedir hem-de hukuk bilen düzgünleşdirilýän işiň ähli çygyrlaryny goraýar. Kazyýet edaralarynyň ulgamy hukuk düzgünini, ykdysady giňişligiň birligini, şahslaryň emläk we emläkleýin däl hukuklaryny goramak bilen, konstitusion gurluşyň esaslarynyň mizemezligini üpjün edýär, şeýle hem ykdysady işiň erkinligini kepillendirýär.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup durýandygy yglan edilýär. Hukuk döwleti adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem kanun arkaly goralýan döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün edýän, özbaşdak we garaşsyz kazyýet häkimiýeti bilen häsiýetlendirilýär.

Hormatly kazyýet edaralarynyň işgärleri!

Siziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de jemgyýetimizde adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen durmuş adalatlylygynyň berkarar edilmegi, ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňize döwletimiz mynasyp baha berýär.

Siziň mundan beýläk hem «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda adyl kazyýetlik işiniň kazyýet önümçiligini has-da kämilleşdirip, onuň elýeterli bolmagyny gazanyp, kazyýet kararlary kabul edilende kazylaryň garaşsyzlygy we tarapgöýsüzligi ýörelgelerini pugta berjaý edip, adyl kazyýetligiň iň ýokary derejede açyklygyny we aýanlygyny ygtybarly üpjün etjekdigiňize berk ynanýaryn. Kazyýetleriň alyp barýan jogapkärli işleri netijesinde kabul edilýän her bir kazyýet karary Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi üçin hökmandyr. Olaryň dogry we takyk ýerine ýetirilişi hemişe kanuna laýyk we doly esaslanan bolmalydyr.

Kazyýet edaralarynyň işgärleri öz gulluk borçlaryny ak ýürek bilen dogry berjaý edip, aň-düşünjeli, iş başarjaň, ahlak taýdan arassa we halal, merdana ata-babalarymyzyň adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, öz işlerine ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşmelidirler we kanuny ähli zatdan belentde tutmalydyrlar.

Döwletimiz tarapyndan kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, işgärleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda we durmuş goraglylygyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler mundan beýläk hem dowam etdiriler.
Hormatly kazyýet edaralarynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27-nji sentýabrda ilkinji gezek bellenilýän ýyly bolan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan asylly we jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06948 sek. ýüklenen baýt: 36881