Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Güÿçlüleriñ bâsleşigi
Ýazylan wagty: 05 июля 2018 Ýazan Mayichka
Olimpiýa oýunlary – bu iň güýçlüleriň bäsleşigidir. Dört ýyldan bir gezek dünýä döwletleriniň iň güýçli türgenleri Ýer şarynyň haýsydyr bir şäherinde ýaryşýarlar. Dört ýyldan bir gezek Gresiýanyň Olimpinde gün şöhlesinde ýalyn lowlaýar we ak eşikli grek gyzy ony türgene gowşurýar, şeýlelikde ol ýalyn (alow, fakel) ýola düşýär. Ol uçarda, gämide, ulagda hem otluda syýahat edýär, ony motosikletçi, welosipedçi, kürekçi göterip gidýär. Iň soňunda bu ýalyn ýene-de ylgawçynyň eline düşýär. Onuň Olimpiýa oýunlarynyň oduny ýakmagy bilen türgenleriň şatlygy başlanýar. Olimpiýa oýunlarynyň taryhy mundan 2800 ýyl öň başlanypdy. Ilkinji oýunlar gadymy Gresiýada geçirilipdi. Rowaýatlaryň birinde ony esaslandyran Gerakl diýilýär. Ol patyşa Awgiýemi ýeňenligi üçin uly baýramçylyk geçirýär. Ilkinji oýunlar bolsa biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda geçirilipdir. Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän günleri bütin Gresiýada uruşlar ýatyrylypdyr. Olimpiýadanyň ýeňijileri bolsa ýurduň tanymal adamlary bolupdyr. Ýöne biziň eýýamymyzyň IV asyrynda Gresiýanyň rimliler tarapyndan basylyp alynmagy sebäpli Olimpiýa oyunlary ýatyrylypdyr. Olimpiadanyň hemmelere mahsus parahatçylyk we dostluk däpleri saklanylyp, Olimpiýada ýene-de 1896-njy ýyldan täzeden dikeldilýär. 1920-nji ýylda Antwerpende VII Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda ak baýdak bäş sany biri-biriniň içinden geçýän halkalar şekillendirilen Olimpiýa oýunlarynyň häzirki tugy ilkinji gezek galdyrylýar. Bäş halka – bu bäş yklymyň türgenleriniň dostlugynyň simwolydyr. Ýewropa – gök, Aziýa – sary, Awstraliýa – ýaşyl, Amerika – gyzyl, Afrika – gara reňkler bilen aňladylandyr.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05034 sek. ýüklenen baýt: 29623