Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport hemmeler üçin
Ýazylan wagty: 05 июля 2018 Ýazan Mayichka
Sport hemmeler üçin hem deň zat. Birinjiden, sportuň adama hiç wagt zyýan getirmeýändigine salgylansa-ga, biz hakykatyň üstünden barýarys. Öz bedeninde maşk edeninde öz süňňüniň hem mümkinçiliklere boýun egýändigini bilmeýän adam ýokdur. Sebäbi adam özüniň çylşyrymly bedenini sport bilen terbiýeläp, aňynyň öňe gitmegini gazanýar. Onsoň hem sport garaşsyz zat. Şonuň üçinem hemmelere elýeterli zat. Hiç wagt adama „Sport bilen meşgullanmaňy goý!” diýip bolmaýar. Tersine adamyň mümkinçiliklerini näçe ulandygyňça, başda belleýşimiz ýaly, onuň kämilligi artýar. Adamyň içki dünýäsi bilen meşgullanmaly adamlaryň, sport dünýäsinden daş düşmegi mümkin däl. Bedeniň welin mümkinçilikleri çäksiz. Adam at çapdyrar, göreş tutar – ýöne ol hereketsiz bolmaz. Onuň aň maňzyna hereket etmek maksatnamasy guýlupdyr. Sport welin şol hereketleriň iň gözeli. Her halkyň tebigatyna, klimatyna görä sportuň görnüşleri bar. Mysal üçin, sportuň karate görnüşini alsak, onuň özi Ýaponiýadan gelip çykan bolup, tebigatyň dürli hilli zatlaryndan, mysal üçin, haýwanlardan we beýleki garşylykly zatlardan goranmak üçin ýüze çykypdyr. Ýaponlar öz tebigatyna görä ýer ýüzüniň ownuk adamlarynyň toparyna giripdir. Şol adamlara tebigatyň garşylygy bolansoň, Ýaponiýada sportuň bu görnüşi ýüze çykypdyr. Düýpleýin zatlara çemeleşmek üçin, geliň indi küşt oýny boýunça näme üçindir zerurlygyň çykandygynyň ünsüni özümizi çekeliň! Aslyýetinde küşt akyldarlaryň oýny bolmaly. Çünki ol aň rewolýusiýasynyň ýaragy. Adamyň öz pikirleriniň çylşyrymly gapma-garşylygyndan kemala gelen bu oýnuň watany belki, akyldarlaryň watany bolmalydyr. Galyberse-de sportuň bir görnüşi hasaplanylýan bu oýnuň adam psihikasynyň, aňynyň mümkinçilikleriniň çäksizdigini aňladýanlygy welin gaty çyn. Dünýäniň küşt boýunça çempionatlarynyň, ýa bolmasa küşt tagtasyny öz ykbalyna öwren küştçüleriň gürrüň bermegine görä, bu oýnuň gurluşy iň agyr matematika meselelerini çözen ýaly bir zat bolmaly. Iň agyr mesele diýmek bolsa, adamzat aňynyň tükeniksizliginiň ýeten derejesi.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05411 sek. ýüklenen baýt: 30058