Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täze heýkeller toplumy Türkmenbaşy şäherine bezeg berer
Ýazylan wagty: 07 июля 2018 Ýazan NEXTTM

Täze heýkeller toplumy Türkmenbaşy şäherine bezeg berer

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy çalt depginlerde çägini giňeldip, gözel görke girýär. Awazanyň ilkinji binalary bilen tanyşdyrylyşdan bäri geçen döwürde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda adamlaryň amatly dynç almagy üçin oňaýly şertler döredilen ýokary derejeli myhmanhanalar toplumlarynyň ajaýyp binalary peýda boldy. Şypahana zolagynyň düzüminde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we medeni – dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, şeýle hem dükanlar, restoranlar, kafeler, barlar hereket edýär, häzirkizaman şypahanasyna bezeg berýän we sazlaşykly özboluşly landşaft seýilgähleri döredildi.

Awazanyň ýol-ulag düzümi hem kämilleşdirilýär, halkalaýyn ýolaýrytly ýollar gurulýar. Olaryň biri “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumyna gadymy Hazaryň kenaryndaky halkara derejleli deňiz şypahanasynyň gülläp ösüşini alalmatlandyrýan özboluşly “Awazanyň öwüşgüni” atly heýkeller toplumy bezeg berer. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna girilýän ýerde “Hazar merjeni” atly monumental toplum gurlar.





Okalan sany: 67   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05976 sek. ýüklenen baýt: 30449