Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Resmi aÿdym döredilÿår
Ýazylan wagty: 07 июля 2018 Ýazan Mayichka
Fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 1962-nji ýyl­dan bä­ri her çem­pio­nat üçin res­mi se­na ýa-da aý­dym dö­re­di­lip ge­lin­ýär. Kä­bir ýyl­lar­da ol di­ňe se­na gör­nü­şin­de bo­lan bol­sa, ag­la­ba aý­dym gör­nü­şin­de jan­kö­ýer­le­riň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­di. Aý­ra­ty­nam, soň­ky ýyl­lar­da FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň res­mi aý­dy­mla­ry­nyň ab­ra­ýy ýo­kar­lan­ýar. 1990-njy ýyl­da Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da “Un’es­ta­te ita­lia­na (To Be Num­ber One)” at­ly aý­dym ital­ýan hem-de iň­lis dil­le­rin­de ýaň­lan­yp­dy. 1998-nji ýyl­da Pu­er­to ri­ko­ly aý­dym­çy Ri­ki Mar­tin ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len “La Copa de la Vida (The Cup of Li­fe)” at­ly aý­dym bel­ki-de Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň re­smi aý­dym­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iň meş­hu­ry bol­sa ge­rek. Bu aý­dym­dan soň, Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň res­mi aý­dym­la­ry­nyň mer­te­be­si ha­sam be­len­de gal­dy.
2010-njy ýyl­da Günorta Afrikada ge­çi­ri­len çem­pio­nat üçin ko­lum­bi­ýa­ly meş­hur aý­dym­çy Şa­ki­ra­nyň aý­dan “Wa­ka Wa­ka” aý­dy­mynyň özi-de, onuň wi­deo­şe­kil­le­ri-de kö­püň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Umu­man al­nan­da, Ri­ki Mar­ti­niň “La Copa de la Vida (The Cup of Li­fe)” hem-de Şa­ki­ra­nyň “Wa­ka Wa­ka” aý­dym­la­ry Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň res­mi aý­dym­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iň meş­hur­la­ry bo­lup, olar hä­li-şin­di mil­li­on­lar­ça adam ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li diň­le­nil­ýär. Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat üçin “We Are One (Ole Ola)” at­ly aý­dy­my Pit­bull, Jen­ni­fer Lo­pez hem-de Klau­dia Le­it­te ýe­ri­ne ýe­ti­rip­di.
Bu ýyl­ky çem­pio­na­tyň aý­dy­my-da 25-nji maý­da il­kin­ji ge­zek eşit­di­ril­di. “Live It Up” at­ly iň­lis we is­pan dil­le­rin­dä­ki bu he­re­ket­li aý­dy­my Pu­er­to ri­ko­ly aý­dym­çy Ni­ki Jem, ame­ri­ka­ly akt­ýor hem aý­dym­çy Will Smit, şeý­le-de ko­so­wo­ly aý­dym­çy ze­nan Era Ist­re­fi bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bi­ler­men­ler­den ýo­ka­ry ba­ha alan aý­dy­myň bra­zi­li­ýa­ly meş­hur ýyl­dyz Ro­nal­di­nio­nyň gat­naş­ma­gyn­da taý­ýar­la­nan şe­kil­li gör­nü­şi-de 8-nji iýun­da muş­dak­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­di.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09181 sek. ýüklenen baýt: 30381