Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Arzuw çagalar sagaldyş merkezi
Ýazylan wagty: 08 июля 2018 Ýazan NEXTTM

“Arzuw” çagalar sagaldyş merkezi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Ol ýaş nesliň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp döwürdir. Körpelere bu sapaly aýlarda gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän, döwrebäp dynç almak üçin amatlyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujagyny giňden açýar. Şolaryň biri-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Arzuw” çagalar sagaldyş merkezidir.

“Arzuw” çagalar sagaldyş merkezinde her 10 günlük tapgyrda 600-e golaý çaga göwnejaý dynç alýar. Olar esasan ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda ýagny Türkmenbaşy we Seýdi şäherleriniň nebitit gaýtadan işleýjileriniň çagalarydyr. Olar bu zawodlaryň kärdeşler arkalaşyklary birl eşmesiniň berýän ýeňillikli ýollanmalary arkaly dynç alýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde nebitit gaýtadan işleýjileriň başga-da Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän Çagalyk öýünde we Türkmenbaşy şäherindäki kömekçi mekdep-internadynda terbiýelenýän körpeleriň-de ençemesi dynç alyp saglyklaryny berkidýärler.

Bu merkezde çagalaryň döwrebäp dynç alyp, her bir günnüni şatlykda, peýdaly geçirmekleri üçin sport meýdançalary, kompýuter hem-de dynç alyş otaglary, kitaphana, ulyly-kiçili howuzlar we oýun meýdançalary bilen üpjün edilen. Suwy derman, howasy tenekar Hazaryň kenarynda dynç alýan bagtyýar çagalar saglygyny berkitmek, wagtlaryny gyzykly, manyly geçirmek bilen birlikde ady äleme dolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslenen gözelligi, täsin, ajaýyp seýilgähleri, Awaza derýasy we beýleki desgalary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik alýarlar. Sagaldyş merkeziň ýolbaşçysy Merejen Ylýasowa alyp barýan işleriniň aýratynlyklary barada şeýle gürrüň berýär:

Biz ýörite düzülen meýilnamalara laýyklykda, sagaldyş merkezimize gelýän çagalaryň dynç alyş döwrüniň ýatda galyjy, täsirli bolmagy üçin dürli bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirýäris. Merkezimizde dynç alýan çagalaryň sanynyň ködügi sebäpli, olaryň döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin dürli ugurlara degişli gurnaklaryň birnäçesi işleýär. Olaryň taýýarlan suratlarynyň sergilerini gurnaýarys, aýdym-saz, tans bäsleşiklerini geçirýäris. Şeýle-de çagalar Türkmenbaşy şäheriniň we “Awaza” MSZ-nyň gözel ýerleri bilen tanyşmaklary üçin syýahatlar gurnalýar. Bu işleriň ýörite taýýarlykly gurmaçylar tarapyndan alnyp barylmagy, çagalar we olaryň ene-atalary öz minnetdarlyklaryny bildirýärler. Biz zähmetimiziň ýerine düşýänine we çagalaryň wagtlaryny gowy geçirýändiklerine begenýäris.

Okalan sany: 37   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06428 sek. ýüklenen baýt: 31402