Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýüpek Ýoly - Dostluk ýoly.
Ýazylan wagty: 08 июля 2018 Ýazan NEXTTM

Ýüpek Ýoly - Dostluk ýoly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, onuň ýaýrawy, halklaryň arasyndaky ykdysady, syýasy, medeni ynsanperwer ugurlary, gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti, gadymy türkmen topragyndaky söwdanyň ösüşi, ylmyň, medeniýetiň, hünärmençiligiň, söwdanyň merkezleri bolan gadymy şäherlerimiz, kerwensaraýlarymyz, taryhy ýadygärliklerimiz barada gymmatly maglumatlar berýär.

Kitabyň  „Jeýhun ýakasy“  bölüminde Lebap topragynda geçmişde dünýä ýaň salan galalaryň, şäherleriň, kerwensaraýlaryň, medeni ýadygärlikleriň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýär. Lebap topragynda Amulyň ýerindäki ilkinji oba takmynan 2000-2100  ýyl mundan ozal döräpdir, onuň saklanyp galan galyndylary Türkmenabat şäheriniň günorta чetlerinde seleňläp görünär. Irki orta asyrlarda bu oba şähere öwrülýär. IX-X asyrlarda Amul bolýar. Amuldan kerwen ýollary 3 ugra: Horezme, Zemme (häzirki Kerki şäheri) we Merwe tarap uzapdyr.

Amuldan Zemmä ugran kerwen ýolunyň ugrunda hem ençeme kerwensaýaralar, aramgähler, minaraly metjitler, köşkler, galalar, düşelgeler bolupdyr. Şolaryň biri hem XII asyr arhitektura ýadygärligi bolan Astanababa kümmetidir. Onuň ilkinji binýady  XII asyrda desgalanylypdyr, ýagny Seljuklar soltanlygynyň döwründe bina edilipdir. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Bu ansambl gadymy Zemiň Maýmarg şäherinde bina edilip, ol açyk dälizden, dört sütünli zaldan, metjitden, Zeýd Alynyň we Zübeýd Alynyň guburhanasyndan, diwanahanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr. Bu ýadygärlikler ansamblyna tutuş bir üsti ýapyk şäher diýip at berseňem boljak.

Kerwen ýoly Astanababanyň üstünden düşüpdir. Kümmetiň gapdalynda uly bazar bolupdyr, oňa goňşy döwletlerden söwdagärler gelipdirler. Özleriniň getiren harytlaryny satypdyrlar, gerekli harytlaryny satyn alypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolynyň ýüregi“  kitabynda Astanababa ýadygärligi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Şeýle-de Ýüpek ýolunyň halklary dostlaşdyrmakdaky, hyzmatdaşlygy berkitmekdäki, ýurtlaryň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmakdaky ähmiýeti, dürli döwrüň wakalary, syýahatçylaryň ýol ýazgylary barada täsin gürrüňler berilýär.

Şeýle medeni ýadygärlikleriň biri hem Halaç etrabynyň Magtymguly obasynda ýerleşýän Idris baba medresesidir. Bu medrese öz döwründe ýokary derejeli okuw jaýlarynyň biri bolupdyr. Onda ylymly-bilimli meşhur Idris baba talyplara bilim beripdir. Beýik Ýüpek ýoly arkaly uzaklardan bu okuw jaýyna bilim almaga gelipdirler. Muny akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçýän kerwenlere goşulyp, Halaja – Idris baba medresesine okamaga gelipdir.

Hytaýdan gözbaş alyp gaýdan taryhy ýol diňe bir halkyň medeniýetinde yz galdyrman ýurduň, onuň halkynyň dürli ugurlar boýunça ösüş derejesine uly itergi beripdir. Ýurduň, halkyň hal-ýagdaýyny gowylandyrýan möhüm çözgütler amala aşyrypdyr.

„Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gadymy ýoly gaýatdan dikeltmegiň barşynda taryhy-arhiologik gözlegelr dowam etdiriler. Taryhy-medeni ýadygärliklerimizi we beýleki gymmatlyklarymyzy gorap saklamak boýunça degerli çäreler durmuşa geçiriler.

Hawa, gadymy Beýik Ýüpek Ýoly gaýtadan dikelýär. Bu ýol bilen gadymyýetde üsti ýükli düýeli kerwenler gatnan bolsa, indi şol ugurlarda kuwwatly tehnikalar arkaly howa we demir ýollar açylýar. Şeýle ajaýyp günlere ýetiren   Gahryman hem Mähriban Arkadagymyza müň kerem taňryýalkasyn aýdýarys.

Okalan sany: 147   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06096 sek. ýüklenen baýt: 33687