Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Uçurymyň bilimi, başarnygy
Ýazylan wagty: 08 июля 2018 Ýazan Mayichka
Uçurymyň bilimi, başarnygy we endigi “Bedenterbiýe mugallymy” şu aşakdakylary bilmeli:
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletiniň içki we daşky syýasatyny, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren täze Galkynyş we beýik özgertmeler syýasatyny; Garaşsyz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bedenterbiýe ulgamynyň taryhyny, esaslaryny we usullaryny; dürli ýaşdaky we dürli jynsdaky çagalary terbiýelemegiň serişdelerini we usullary; fiziki sypatlarynyň we hereket başarnyklarynyň ösüşiniň kanunalaýyklygyny; dürli ýaşdaky we dürli jynsdaky adamlaryň morfo-funksional aýratynlyklaryny, bedenterbiýe we sport ulgamynyň işleriniň sanitar-gigiýeniki esaslaryny, pedagogiki we lukmançylyk-biologiki gözegçiligiň wajyp usullaryny; şikesleriň öňüni almaklygy; dürli ýaşdaky we dürli jynsdaky adamlaryň psihiki aýratynlyklaryny, topardaky adamlaryň we sport komandalarynyň sosial-psihologiki aýratynlyklaryny, şahsyýete we komanda guramaçylykly dolandyryjylygy amala aşyrmagyň psiho-pedagogiki serişdelerini we usullaryny; bedenterbiýe-sport ulgamynyň ýörite adalgalaryny; bir okuwçy ýa-da tutuş synpda beden taýdan kemala gelmegiň we ony dolandyrmaklygyň psiho-pedagogiki serişdelerini we ýollaryny; okuw-terbiýeçilik we umumy bilim beriş pursatlaryny guramaklygyň psiho-pedagogiki esaslaryny; okuw-türgenleşik we ýaryş işlerini meýilleşdirmegiň we guramagyň mazmunyny, görnüşini we usullaryny; bedenterbiýe-sport işleriniň düýpli (bazalaýyn) görnüşleriniň nazaryýetiniň we usulyýetiniň esaslaryny; esasy sport-sagaldyş binalarynyň gurluşynyň we enjamlarynyň esaslaryny, olary ulanmaklygyň düzgünlerini; bedenterbiýe sapaklaryndaky tehniki howpsuzlyk düzgünlerini.
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06790 sek. ýüklenen baýt: 29629