Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Menejeriñ wezipesi
Ýazylan wagty: 08 июля 2018 Ýazan Mayichka
Menejer şu aşakdakylary bilmeli: Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletiniň içki we daşky syýasatyny, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren täze Galkynyş we beýik özgertmeler syýasatyny; Garaşsyz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamynyň taryhyny, esaslaryny we usullaryny; Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerini, Türkmenistanyň “Syýahat hakyndaky” kanunyny; raýatlaryň hukuklaryny, erkinligini, olary durmuşa geçirmekligiň ýollaryny; syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň hukuklaryny we borçlaryny; syýahatçylyk toplumlarynda hyzmatlary guramaklyk boýunça kanunçylyk delilnamalaryny we kadalaýyn resminamalary; işewür gepleşikleriň we dolandyryş psihologiýasynyň etikasyny; türkmen edebi diliniň kadalaryny, sözleýiş we ýazuw gepleşikleriniň özboluşlylygyny; hünärmençilik leksikologiýasyny; aragatnaşygyň kanunalaýyklyklaryny, şahsyýetiň sosial taýdan kemala geliş ýollaryny; ykdysady nazaryýetiniň umumy düzgünlerini; türkmen ykdysadyýetini we dünýä ykdysadyýetini; ykdysadyýet pudaklaryny; syýahatçylygyň gurluşyny; menejmentiň manysyny, esaslaryny, funksiýalaryny we görnüşlerini; ilata hyzmat etmekligiň düzgünlerini; syýahatçylyk işleriniň esaslaryny; edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini; hyzmat etmekligiň usullaryny we görnüşlerini; isleg bildirýänlere hyzmat etmekligi guramaklagyň düzgünlerini we usullaryny; - standartlaşdyrmaklyk we sertifikasiýalaşdyrmaklyk barada esasy düşünjeleri we kesgitlemeleri; syýahatçylyk kärhanalarynyň görnüşlerini, olaryň toparlara bölünişini; syýahatçylyk toplumlarynyň gulluklarynyň ulgamynyň düzümini we gurluşyny, olaryň wezipelerini; içki zähmet düzgün-tertibi; işgärleriň zähmetini we olara dolandyryjylygy guramaklygyň esaslaryny; syýahatçylyk toplumlarynyň ulanylyşyna bolan talaplaryny; täjirçilik hyzmatlarynyň esaslaryny we usullaryny; syýahatçylyk toplumlarynda kabul edilişiň tehnologiýasyny; syýahatçylar bilen hasaplaşyk tertibini; hyzmat ediş çäginde marketingiň we telekeçiligiň esaslaryny; karz-pul syýasatynyň manysyny; - syýahatçylyk toplumlarynyň hödürleýän netijeli hyzmatlarynyň esasy görkezijilerini; syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatlaryň bazarynyň düzümini; habar beriş tehnologiýalarynyň esaslaryny we olary öz hünärmençilik işiňde ulanmaklygy; zähmeti goramagyň, tehnikanyň howpsuzlygynyň, önümçilik sanitariýasynyň, syýahatçylyk hyzmatlarynyň iýmit kärhanalarynyň hem-de ýangyna garşy howpsuzlygyň kadalaryny we düzgünlerini; syýahatçylyk kärhanalarynyň hukuklaryny we borçlaryny; işewür duşuşyklaryň etikasyny we psihologiýany dolandyrmaklygy; syýahatçylyk nazaryýetiniň umumy düzgünlerini; dünýä ykdysadyýetini we Türkmenistanyň ykdysadyýetini; ykdysadyýet pudaklaryny.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06752 sek. ýüklenen baýt: 31097