Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Göreş wagtynda haýsy ýagdaýda pälwan öz deñagramlylygyny üýtgedýär
Ýazylan wagty: 08 июля 2018 Ýazan Mayichka
Göreş wagtynda haýsy ýagdaýda pälwan öz deñagramlylygyny üýtgedýär ? Deñagramlylyk üç görnüşlidir: durnukly, durnuksyz, tapawudy bolmadyk. Göreş wagty garşydaşlar tapawudy bolmadyk deñagramlylykda bolanok, kä halatda durnukly, köplenç durnuksyz ýagdaýdadyr. Bu köp güýç sarp edilip, energiyanyñ gitmegine eltýär. Teniñ durnukly ýagdaýynyñ biomehaniki usuly bolan agramyñ umumy merkezi onuň ýerleşýän ýeridir. Agramyñ umumy merkeziniñ direge görä azajyk bolsa hem üýtgemegi onuň durnuklylygyny üýtgedýär. Iñ durnukly ýagdaý hem pälwanyñ agramýnyñ umumy merkezi direge has golaý ýagdaýynda - pesräk duranyndadyr. Teniñ direginiñ meýdanynyñ ölçegi hem örän wajypdyr. Durnuklylyk derejesi bolsa onuñ direginiñ meýdanyna baglydyr. Diýmek, pälwan özüniñ direg meýdanyny köpeldip, agramyñ umumy merkeziniñ beýikligini peseltmelidir. Teniñ durnuklylýgynyñ ýene bir şerti agramlyk gönüligi (agramyñ umumy merkezinden dik aşak gaýdýan gönülik) - endamyñ deñagramlygyny saklamak üçin bu göni çyzygyň direg meýdanynyň üstünden geçmegi hökmändyr. Eger beýle bolmasa, onda pälwan deñagramlylygy ýitirer, pälwan deñagramlygy saklamak üçin endamynyñ her bölegi bilen ätiýaçlyk hereketlerini ýerine ýetirmese, onuñ ýagdaýy has durnukly bolar - direg meýdanynyñ merkezine agramlyk gönüligini has golaý geçdigiçe. Durnuklylyk pursaty pälwanyñ durnuklylygyny aýan etmeklikde onuñ belli bolan bir sypatda duran durnuklylyk derejesiniñ intergal bahasyny gazanmaga kömek edýär. Pälwanyñ durnuklylygy direg meýdanynda egniñe gelýän güýç agramynyñ bölünmegine we pälwanyñ endamynyñ agramynyñ keseleýin uzynlygy direg meýdanynyñ çäginden agramlyk gönüligine bölünmegine deñdir. Pälwanyñ durnuklylygy iki alamata baglydyr: - pälwanyñ agramy; - direg meýdany. Pälwanyñ endamynyñ direg meýdany gaty seýrek dogry sudurynda bolýar, şoña görä hem agramlyk gönüligi ony merkezinden hiç haçan kesip geçmeýär diýseñ hem boljak. Kuwwatly muskulatura bilen endam bölekleriniñ takmynan hereketliligini düzedişdirip, endamyñ durnuklylygyna güýçli täsir edip bolýar. Garşydaşyny deñagramlylykdan çykarmaga çalyşýan pälwanyñ güýji onuñ tenine täsir edip, aşyrylyan pursaty pälwanyñ durnuklylygyny emele getirýär - güýç pursatynyň bölünen aýlanyşynyñ köp bolmagy deñagramlylygy saklamak üçin zerurdyr. Direg meýdanyny köpeldip oña agramyñ umumy merkezine golaýladyp, myşsalaryñ esli toparlaryny kuwwatly işledip, ony (deñagramlylygy) gazanyp bolar
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06140 sek. ýüklenen baýt: 30498