Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GAZETIŇ BIR SANYNYŇ MEÝILNAMASY WE ONUŇ GEÇEN SAN BILEN ARABAGLANYŞYGY
Ýazylan wagty: 08 июля 2018 Ýazan Mayichka
GAZETIŇ BIR SANYNYŇ MEÝILNAMASY WE ONUŇ GEÇEN SAN BILEN ARABAGLANYŞYGY Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiň ähli ugurlarynda öňde durýan we Wezipeleri kesgitlemek bilen bir hatarda geçilen ýola ser salmagyň möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Bu usulyň işjeň ulanylmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň düzümlerinde ilkinji orna çykýar. Çünki, döwürleýin neşirleriň ýa-da radio we telegepleşikleriň täze sanyny taýýarlamakda olaryň geçen sanlaryna seljerme bermek zerur bolup durýar. munuň özi täze taýýarlanylýan makalalarda, gepleşiklerde ozalky säwlikleriň gaýtalanmazlygynyň baş şertini emele getirýär. Mälim bolşy ýaly, döwürleýin neşirlerde yzygiderliligiň bolmagy, gazet sanlarynyň biri-biri bilen arabaglanyşygynyň ýola goýulmagy tebigy ýagdaýdyr. Aslynda, biziň ýurdumyzda çap edilýän gazetleriň esaslandyryjylarynyň öz ugurlarynyň bolşy ýaly, olara degişli gazetleriň hem belli bir ugrunyň bolýandygy düşnüklidir. Şunuň bilen baglylykda, gazetiň täze sanynyň geçenki sanlar bilen makala ababatda ýa-da makalalaryň, suratlaryň ýerleşdirilişi nukdaýnazardan baglanyşygynyň bolmagy tötänden däldir. Hut şu nukdaýnazardan hem “Redaktoryň işiniň önümçiligini guramak” atly okuw desrsinde Döwürleýin neşirleriň yzygiderliligi, olaryň sanynyň arabaglanyşygy bilen baglanyşkly ýörite mowzuk döredildi. Gazet sahypalary jogapkär kätibiň gatnaşmagynda sekretariatda ýerine ýetirilýär. Ilki bilen gazede beriljek makalalar, suratlar kesgitlenilýär. Soňra olaryň göwrümine laýyklykda, çyzgylary çyzylýar. Oňa gazetiň makedi diýilýär. Maket taýýar bolansoň, redaksiýanyň ýolbaşçylary bilen ýene bir gezek maslahatlaşylýar. Onuň redaksiýanyň baş redaktorynyň, orunbasarynyň hem-de jogapkär kätibiň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň barşynda makalalaryň ýa-da suratlaryň ýeriniň üýtgemegi mümkin. Bu babatdaky pikirler bir ýere jemlenenden soň, gazetiň maketi gutarnykly taýýarlanylýar. Şondan soň, taýýar bolan maket onda berilmegi meýilleşdirilen materiallar bilen bilelikde çaphananyň kompýuter ulgamyna eltilýär. Şeýlelik bilenem, gezeti çap etmegiň çäresi başlanýar. Mälim bolşy ýaly, her bir redaksiýada işleýän awtorlar düzüminiň häsiýetli aýratynlyklary bolýar. Habarçylaryň käbiri sport ýa-da medeniýet mowzugyndan material taýýarlamagy endik edýärler. Beýleki bir toparlary bolsa oba hojalygyndan. Seneagatdan işlemegi gowy görýär. Redaksiýanyň ýolbaşçysy habarçylaryň şu ukyplaryny nazarda tutup, olary belli bir ugra gönükdirýär. Şu nukdaýnazardan hem gazetiň sahypalarynda awtorlaryň makalalarynyň ýerleşişi tertibi emele gelýär. Köp ýyllyklaryň iş tejribesi netijesinde gazetiň birinji sahypasynda döwlet durmuşyna degişli syýasy makalalar ýekrleşdirilýär. Köplenç halatda gazetiň ikiji sahypasynda ýurdumyzyň senagat ulgamyna degişli, şanly wakalar bilen baglanyşykly döwlet derejesinde geçirilen çäreler hakyndaky materiallar ýerleşdirilýär. Döwürleýin neşirleriň üçünji sahypasynda oba hojalyk mowzugyna degişli makalalar, ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalara bagyşlanan seslenmeler, habarlar ýerleşdirilýär. Gazetiň dördünji sahypasynda bolsa medeniýet we sport ulgamyna degişli makalalar, bildirişler ýerleşdirilýär. Bu usul köp ýyllyklaryň dowamynda üýtgewsiz dowam etmek bilen okyjylaryň aňyna pugta ornaşdy. Ýene bir bellemeli zat ol hem gazetiň täze sanynyň geçen san bilen arabaglanyşygynyň bolmagy mümkin. Olar esasan dowamly berilýän makalalaryň, çeper eserleriň üsti bilen şertlendirilýär. Şeýle hem gazetiň şu gezekii sanyna öňde boljak şanly waka mynasybetli bir makala berlip, gazetiň indiki sanynyň çykýan güni şol waka gabat gelende baglanyşyk bolup biler.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05346 sek. ýüklenen baýt: 32328