Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Lebabyň sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Daýahatyn hakynda kyssany sahnalaşdyrdy
Ýazylan wagty: 09 июля 2018 Ýazan NEXTTM

Lebabyň sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Daýahatyn hakynda kyssany sahnalaşdyrdy

Režissýor Perhat Hudaýberenow Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda “Daýahatyn” rowaýaty esasynda Şöhrat Mäşeripowyň ýazan pýesasynyň esasynda oýun goýdy. Weziriň gyzy Hüýrjan hökümdar Selimhana aşyk bolýar we onuň aýaly Daýahatyndan dynyp, oňa barmagy ýüregine düwýär. Daýahatyn bilen Selimhanyň bir-birine wepadarlyga ant edip ýazan hatyny Seýit ussanyň ýasan tumaryna salyp goýandygyny bilensoň weziriň gyzy Daýahatyna töhmet atýar. Ýöne dil düwüşige gatnaşanlaryň pyrryldygy paşmaýar: olaryň şyltagyna ynanmadyk Selimhan aýalyny kowmaýar-da, özi köşgi terk edäýýär... 

Emma Daýahatyn ykbalyndan zeýrenip, hasrata batyp oturmaýar-da, güýçli ussalalry çagyryp, täze köşk gurup başlaýar. Onuň gurluşygyny tamamlansoň çar ýandan myhman- gonak, adamsynam çagyryp, uly toý berýär. Dana zenanyň parasatlylygy bilen maşgala täzeden dikeldilýär. Daýahatyn haýynlardan ar almaýar-da, olaryň günäsini geçip, geçirimlilik edýär. 

Artistleriň zehinli oýnundan, özboluşly režissýorlyk çözgütlerden başga-da oýun goýujy nakgaş Myrat Haýtyýewiň döreden gysbydan çeper bezegleri bu sahna oýnuna sazlaşyklylygy bilen haýran edýär. Ak öýler dikilende ulanylýan uklaryň üsti bilen köşküň girelgesi we daş görnüşi şekillendirilipdir. Edil tomaşaçylaryň gözüniň alnynda köşküň gurulmagygy-da özüne çekiji detal bolup durýar. 

Umida Hemraýewa Daýahatynyň, Jelaletdin Sultyýew Selimhanyň, Myrat Hekimow hem-de Gülşat Amandurdyýewa weziriň we onuň gyzynyň keşbini döredipdirler. 

Meniň pikirime görä, “Daýahatyn” oýny Perhat Hudaýberenowyň ussat režissýorlygyny görkezýär, ol gözden geçirilişiň “iň gowy režissýorlyk işi” diýen ugurdan baýraga dalaş etmäge mynasypdyr.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05398 sek. ýüklenen baýt: 30895