Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Birža täzelikleri
Ýazylan wagty: 09 июля 2018 Ýazan NEXTTM


Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit ýol bitumyny we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement, nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 463 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 109 müň manatlyk portlandsementi we lukmançylyk pamygyny satyn aldylar.
Okalan sany: 54   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06236 sek. ýüklenen baýt: 29886