Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Fiiki işjeňlik adam üçin möhümdir
Ýazylan wagty: 09 июля 2018 Ýazan Mayichka
Näme üçin fiziki işjeňlik adam üçin möhüm?
Fiziki iş sagdyn durmuşyň möhüm bölegidir. Gadym zamanlarda, haçanda adamlaryň köpüsi esasan oba hojalygy ýa-da başga fiziki iş bilen meşgullanan döwürlerinde, saglyk üçin zerur fiziki zor salma ýeterlik derejede bolupdyr. Emma häzir, durmuşyň otura, az hereketli görnüşi kada öwrülende, biz öz gün tertibimize fiziki maşklaryň ol ýa-da başga görnüşlerini düşünjeli goşmalydyrys.
Näme üçin fiziki işjeňlik saglyk üçin şeýle derejede zerurdygy barada anyk sebäpler bar, onçakly aýdyň bolmadyk sebäpler bar. Aşakda olaryň arasyndaky iň möhümleri barada aýdylyp geçilýär.
Myşsa tonusy.
Myşsa tonusynyň we bedeniň fiziki gelşikliliginiň saklanylmagy, şübhesiz, köp adamlary bedenterbiýe bilen meşgullanmaga itergi berýän iň möhüm delillerdir. Biziň bilşimiz ýaly, eger myşsalardan peýdalanylmasa, olar jansyzlanýarlar. Şonuň üçin myşsalary gowy iş ýagdaýynda we tutuş bedeni gowy fiziki ýagdaýda saklamak biziň köpümiz üçin öz-özüňi sagdyn kabul etmekligiň hem-de sagdyn durmuş endikleriniň terbiýelemekde möhüm bölegidir. Skeletiň hereketliligi.
Bogunlar maýyşgaklygyny ýitirmezlik üçin we öz hereketlenmek ukybyny doly saklamak üçin mydama hereketlenmelidirler. Biziň myşsa tonusyny saklamak üçin ýerine ýetirýän şol maşklarymyz, adatça, şol bir wagtyň özünde bogunlaryň hereketliliginiň saklanyp galmagyna hem kömek edýärler, şonuň üçin bogunlar ýörite üns berilmegini talap edenoklar. Emma ýoga meňzeş çekip dartma üçin niýetlenen maşklaryň käbir görnüşleri bedeniň hereketliliginiň we çeýeliginiň saklanylmagy üçin örän peýdaly bolmaklary mümkin.
Aerob maşklar.
Aerob maşklara myşsalaryň uly toparlary gatnaşýarlar. Üznüksiz sazlaşykly hereketiň netijesinde puls galýar we dem alyş ýygylaşýar.
Aerob maşklar örän ýönekeý – pyýada ýöreýiş, haýal ylgamak ýa-da suwda ýüzmek – bolup bilerler ýa-da çeçýotka we tans ýaly has çylşyrymly görnüşlere eýe bolmaklary mümkin. Aerob maşklar ýerine ýetirilende dem alşyň ýygylaşmagy gana kislorodyň uly mukdarynyň siňdirilmegine mümkinçilik berýär. Ýüregiň çaltlaşan işi bolsa kisloroda baý ganyň bedeniň ähli öýjüklerine iberilýän paýyny ondan hem ulaldýar. Der çykmagy arkaly detoksikasiýa. Deri bedeniň arassalanmak prosesinde möhüm rol oýnaýar, ol der mäzleri arkaly toksinleri çykarýar. Şonuň üçin adamy derledýän islendik maşk bu ýerde örän peýdalydyr. Haçanda beden arassalaýyş çäreleri we sagdyn berhiz arkaly detoksikasiýa sezewar edilende, şlaklaryň der bilen çykarmak zerurlygy onçakly uly ähmiýete eýe bolmaýar. Limfatik ulgam. Myşsalaryň we beden agzalaryň birleşdiriji dokumalaryndan toksinleri we zäherleri çykarýan limfatik ulgam gowy işlemegi üçin bedeniň ähli agzalary mydama hereketlenip durmaly. Ýüregiň ýygrylmalary sebäpli damarlar boýunça hereketlenýän gandan tapawutlylykda limfatik ulgamyň beýle “nasosy” ýok. Bu ulgamyň işi dem alşa baglydyr. Haçanda öýkenleriň dem alyş hereketleri üçin jogap berýän myşsalar (diafragma) çekilenlerinde, olar içegäniň limfatik damarlaryna uly basym geçirýärler, ýagny hakykatda limfany gysyp, ony limfatik birleşdiriji kanal boýunça hereketlenmäge mejbur edýärler. Şeýlelikde, her bir dem alyş we dem goýberiş limfatik ulgam üçin gytaklaýyn nasos roluny oýnaýar. Köp wagtyny oturyp geçirýanlar üçin mahsus az-azdan dem almak limfatik ulgama gerek bolşy ýaly işlemäge ýol bermeýär. Emma fiziki maşklar arkaly bu ulgamyň işleýşini ep-esli gowulandyrmak we şol sebäpli özüňizi köp kesellerden goramak mümkin. Oňurga-ýilik suwuklygy. Oňurga-ýilik suwuklygy oňurga sütüniniň içinde we kelleçanagyň içki üsti bilen beýniniň daşky üsti arasynda aýlanýar. Ol “tsi” ýaşaýyş energiýasynyň bedendäki esasy geçirijisi. Limfatik suwuklyk ýaly, beýni-oňurga suwuklygynyň kadaly aýlanyşy köp babatda bedeniň, aýratyn hem dem alyş wagtyndaky hereketlerine baglydyr. Duýgy taýdan arassalanmak. Gahar, gorky ýa-da lapykeçlik ýaly ýaramaz duýgular bedeniň myşsa gurluşynda täsirini galdyryp bilýärler. Yzygiderli fiziki maşklar bu ýaramaz energiýadan ol fiziki kynçylyklaryň sebäbine öwrülmezden öň arassalanmaga kömekleşýärler. Bedeniň, aňyň we ruhyň integrasiýasy. Ýoga ýa-da sigun ýaly gündogar däp-dessurlaryndan gelip çykýan käbir fiziki maşklar ulgamlary hereketleri, dem alşy we pikirleýin dykgatlylygy bitewi zada öwürmek üçin niýetlenen bolup, olar bedeniň, aňyň we ruhyň has doly integrasiýasyna kömek berýärler. Aslynda olary tebigy ýagdaýda, tebigat goýnunda ýerine ýetirmek gerek – bu biziň daş-töwerekdäki älem bilen bolan arabaglanyşygymyzy çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle maşklar islendik ýagdaýda, hat-da siz olary öýde ýerine ýetirýän bolsaňyz hem örän peýdalydyr.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06109 sek. ýüklenen baýt: 33334