Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ruhy türgenleşme ÿürek rahatlygy
Ýazylan wagty: 09 июля 2018 Ýazan Mayichka
Ýürek rahatlygy. Adam gorksa, gynansa, tolgunsa, gaty begense ilkinji nobatda ýüregi çalt urup başlaýar, damarlary gysylyp, nerw damarlary dartylýar, agyry-ynjy döräp, tolgunmadan gan basyşy üýtgäp, biynjalyk bolýar. Bu ýagdaýda aljyraman, ruhy türgenleşmäniň sözlerini gaýtalaýan adam özüni rahatlandyryp biler.Geçirilişi:Kürsä rahat oturmaly ýa-da düşekde arkan ýatmaly. Endamyňy doly gowşadyp, Içiňden 15-20 minudyň dowamynda ruhy türgenleşmäniň sözlerini gaýtalamaly. Men ruhy türgenleşmä başlaýaryn. Endamymy doly gowşadýaryn we rahatlanýaryn. Dem alyşym örän ýeňil we asuda. Aljyramok, howsala düşemok, rahat. Hyýalymda ellerim ýyly suwa goýberlen ýaly duýýaryn. Ýylylyk barmaklarymyň ujuna, goşarlaryma ýaýraýar. Ýylylyk goşarymdan çep gursagymyň damarlaryma ýaýraýar. Ýüregim ýakymly ýylyny duýýar. Meniň ýüregim rahatlanýar. Meniň gursagymda ýeňillik, ýylylyk, rahatlyk peýda bolýar. Men rahat.Men ynjalýaryn.Men dynç alýaryn. Tolgunmam doly aýryldy, men rahatlandym. Meniň ýürek, damar urşum örän asuda. Gursagymda ýeňillik,mylaýym duýgular. Men özümi rahat hem asuda duýýaryn. Men dynç aldym. (Howlukman 1 ýola demiňizi alyp göýbermeli, gözüňizi açýarsyňyz). Ruhy türgenleşme tamamlandy. № 5 Ruhy türgenleşme: Çilim çekmegiň ,nas atmagyň, zyýanly endikleriň garşysyna. Geçirilşi:Kürsüde endamyňy gowşadyp oturmaly. 1 ýola demiňi alyp goýbermeli-de ruhy türgenleşmäniň sözlerini içiňden örän ynamly (15minut) gaýtalamaly. 2-nji geçiriliş usuly: Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durup özüňe seredip her günde (15 minut) 2-3 wagtyna örän ynamly ruhy türgenleşigiň sözlerini aýtmaly. Men ruhy türgenleşmä başlaýaryn. Men özüme ynamly adam. Meniň güýçli erkim bar . Men ony saglygym üçin ulanýaryn. Çilim çekmek, nas atmak saglygym üçin örän zyýanly. Men erkimiň garşysyna gidip çilim çekmerin, nas atmaryn. Temmäki tüssesi dem alyş ýollarym üçin örän zyýanly. Nas bokurdagym, iýmit siňdiriş ýollarym üçin örän zyýanly. Çilimiň, nasyň ysy örän ýakymsyz. Nas atmazlygy, çilim çekmesizligi berk ýüregime düwdüm Mende olardan üstün çykmak üçin ýeterlik ynam-erkim bar. Çilim çekmerin! Nas atmaryn! Lebzimde, sözümde duraryn! Çilim çekýänlere, nas atýanlara biparh seredýärin, göwnüm asla islemýär. Çilimden,nasdan el çekdim. Olardan azat. Janym sagdyn. Dünýe aýdyň. Göwnüm durnukly. Meniň maşk etmäge höwesim artyp başlaýar. Sport meniň saglygym, sagdynlygym. Tämiz howadan, gülleriň ysyndan dem almak maňa lezzet berýär. Tebigat, arassa howa, maşk etmek, baglara seretmek uly höwesim. Maşk etmek, saglyk ýolundan ýöremek maňa diýseň peýdaly. Sport meniň gündelik sagdynlygym , saglygym. Türkmenistan Watanym sagdynlygyň hem ruhybelentligiň ýurdy. Men ruhy türgenleşmeden çykýaryn. Ruhy türgenleşme tamam. Çilim çekmek, nas atmak, garramaklygy 5-10 ýyl çaltlandyrýar.
Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05070 sek. ýüklenen baýt: 31203