Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ZYŇMAGYŇ WE BÖKÜŞLERIŇ BERK BEDENLI, KÄMIL NESLI KEMALA GETIRMEKDÄKI ÄHMIÝETI
Ýazylan wagty: 09 июля 2018 Ýazan Mayichka
ZYŇMAGYŇ WE BÖKÜŞLERIŇ BERK BEDENLI, KÄMIL NESLI KEMALA GETIRMEKDÄKI ÄHMIÝETI Dünýä ýüzünde eziz diýarymyzyň sport abraýynyň ýokarlanmagyna, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň wagyz edilmegine, türkmen türgenleriniň ussatlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň belent sepgitleri eýelemäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Şu jähtden ýeňil atletikanyň zyňmak we bökmek görnüşleriniň ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli hem kämil kemala gelmeginde ähmiýeti bimöçberdir. Zyňmak. Uzak aralyga topy zyňmak gysga wagtlaýyn, ýöne şol bir wagtda elleriň, egin guşaklygynyň we aýaklaryň myşsalarynyň şöhlelendirilen güýçleri görnüşinde häsiýetlendirilýär. Top ony zyňýan eliň barmak bogunlary bilen saklanylýar. Üç barmak topuň yzynda ýerleşdirilýär, başam barmak bilen süýem barmaklar bolsa ony gapdalyndan saklaýar. Topy juda berk saklamak maslahat berilmeýär. Zyňmagyň tehnikasy üç bölege bölünýär: bat almak, zyňmak, zyňmakdan soňky saklanmak. Bat almak 10-12 metr aralygynda çaltlandyrylan depginde amala aşyrylýar, eller erkin we giňden yza goýberilendir. Bat almakda göwräni öwürmek bilen atanaklaýyn ädim ulanylýar. Bat alnan wagtynda zyňýan el tas dik ýagdaýa çenli göneldilýär. Göwre we eginler zyňyşyň ugruna tarap gapdallaýyn öwrülýär. Zyňyş wagtynda “uzaldylan el” ýagdaýy kabul edilýär we top öňe iberilýär. Topy zyňmak penjeleriň hereketleri bilen tamamlanýar. Zyňyşdan soň deňagramlylygy saklamak üçin göwräniň agramyny bir aýakdan beýlekä geçirmek ýerine ýetirilýär – bu çäklendirilen çyzygy basmazlyga mümkinçilik berýär. Sapak başlamazyndan öň beden gyzdyrmalary geçirilmeli, zyňyş sektorynda artykmaç zatlaryň bolmazlygyny gazanmaly. Zyňmagy buýruk boýunça ýerine ýetirmeli. Zyňyşyň tehnikasyny gowulandyrmak üçin maşklar: agyrlyklar bilen ýerine ýetirilýän maşklar (top, ganteller) – bu elleriň, arkanyň, gapdal myşsalary ösdürmek üçin niýetlenendir we hereketleriň tizlik reaksiýasynyň, ünslüligiň utgaşyklylygyny ösdürmek üçin peýdalydyr. Orta mekdeplerde V-VII synp okuwçylar bat alyp uzynlygyna bökmegi we bat alyp ýokarlygyna bökmegi özleşdirip, ele alyp başlaýarlar. Bat alyp uzynlygyna bökmek dört bölege bölünýär: bat almak, iteklenmek, uzuş, ýere düzmek. Bat alnyşyň uzynlyk arasy meşgullanýanlaryň şahsy aýratynlyklaryna baglydyr. Böküşlerden öň beden gyzdyrmalary geçirilmelidir, çukurdaky çägäniň ýagdaýy üns bilen gözden geçirilmelidir.
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05028 sek. ýüklenen baýt: 30606