Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GIMNASTIKA MAŞKLARYNY ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TEHNIKASY
Ýazylan wagty: 09 июля 2018 Ýazan Mayichka
GIMNASTIKA MAŞKLARYNY ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TEHNIKASY Böküşler. Böküşler myşsa güýçlerini (ilkinji nobatda aýaklary) ösdürmäge täsir edýär, damarlary we bogunlary berkidýär, böküjiligi, çeýeligi, dogumlylygy ösdürýär. Böküşler ýerine ýetirilende päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin amaly endikler kemala getirilýär. Gimnastiki maşklar iki topara bölünýär: diregsiz we diregli. Diregsiz böküşler elleriňi haýsydyr bir direge diremän ýerine ýetirilýär. Bu toparyň böküşlerine iki aýakdaky we bir aýakdaky böküşler ýokardan, tramplinden bökmek we ýüpli böküşler degişlidir. Özüň üçin bökülýän ýüpüň uzynlygyny bilmek üçin onuň uçlaryndan tutmaly, iki aýagyňy onuň ortasyna goýmaly, elleri gönüburçda tirseklerden eplemeli, soňra gapdala uzaltmaly, penjeleri ýokary gönükdirmeli. Bu bökülýän ýüpüň şahsy uzynlygy bolýar. Bökülýän ýüpden bökmeler: 1. Iki aýakda-da (adaty we ýönekeý). 2. Atanaklaýyn. 3. Petleli – ýüp elleri içe gezekli-gezegine aýlamak bilen ýerine ýetirilýär. 4. Ýüpi iki gezek aýlamak bilen. 5. Aýaklary çalyşmak bilen (çarh). 6. Ýarym oturyp we oturyp. 7. Iki bolnup, biri-biriňe ýüzin ýa-da arkanlaýyn bakyp. 8. Bir aýakda ýa-da iki aýakda dürli ugurlara gönükdirilmeler bilen. 9. Duran ýeriňde ýüpi saga we çepe aýlamak bilen (bir el yzda, beýleki el öňde). 10. Duran ýeriňde dyzlaryňy ýokary galdyryp ylgamak. Maşkyň dowamlylygy – 20-30 minut. Böküşleri ýöremek we umumyösdüriji maşklar bilen gezekleşdirmeli (salgamalar, egilmeler we ş.m.). Diregli böküşler iki aýak bilen iteklenmeler bilen gimnastiki köprüjikde we hökmany suratda elleriň diräp (at, eşek, gimnastiki stol) bilen ýerine ýetirilýär. Diregli böküşlere başlamazyndan öň ýere düşmekligi özleşdirmelidir. Oturyp direlinen böküş we eglip bökejeklemek. 3-4 metr aralykdan orta tizlikde bat alynýar. Köprüjikden iki aýakda bökülenden soň göwre uçuşda göneldilýär. Eller enjama goýlan pursatynda aýaklar çanaklyk-but we dyz bogunlaryndan epilýärler, döşüňe çekilýär we enjama goýulýar. Şondan soň aýaklar bilen güýçli iteklenilýär we eller bilen ýokary salgylanma amala aşyrylýar, göwre göneldilýär we ýeňiljek eplenilýär. Dogrudan hem adam sporty özüne ykbal edinende, diňe şonda uzak ýaşamagyň syryny çözläp başlaýar. Adamzadyň nesliniň arassa hem sagdyn bolmagy üçin sportuň belli bahasy ýokdur. Mekdeplerde sport sapagyny diňe bir ýaryşalaryň, ylgamagyň hasabyna däl-de, eýsem dürli hili maşklaryň, böküşleriň, tanslaryň has uly baha mynasyp bolýandygyny aýtsa boljak. Adamyň ýürek urgusy iň kiçijik zatlara-da üýtgäp dur. Şonuň üçin-de sport dünýäsiniň agramly bölegi ýüregiň urgularyny kadalaşdyryp, diňe saglyga iterýär.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05062 sek. ýüklenen baýt: 30786