Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Geçmişde atlar
Ýazylan wagty: 10 июля 2018 Ýazan Mayichka
Geçmişde ençeme halklaryň belent mertebeli adamlary, alymlary, ýokary gatlak wekileri uzyn ýa-da birnäçe sözden ybarat atlary ulanypdyrlar, adamyň derejesi näçe belent bolsa, onuň ady şonçada uzyn bolmalydyr diýip düşünipdirler. Ynha, XVIII asyr Ispaniýasynda dworýanlara 6 sözden, has uly baýlara-grandlara bolsa 12 sözden ybarat at dakynmaga rugsat berlipdir. Korollaryň ady has hem uzyn bolupdyr. Beýle ýagdaý diňe bir Ýewropada däl, eýsem Aziýa halklarynyň hem ençemesine mahsusdyr. Meselem araplaryň görnükli adamlary, şonuň ýaly-da, arap medeniýetini kabul eden türki we beýleki halklaryň alym-ýazyjylary uzyn atlar bilen bellidir. Ynha, Mahmut Kaşgarynyň doly ady: Mahmut ibn al-Hüseýin ibn Muhammet al-Kaşgary. Horezmiň beýik alymy Birunynyň ady-da Abu-r-Reýhan Muhammet ibn Ahmet al-Birunydyr. Mundan uzyn atlaram bar. XIII asyryň görnükli alymy Ýakut 1220-nji Çingizhanyň kelle keserleri tarapyndan Nusaýda öldürilen asly nöküsli bir kärdeşiniň adyny tutýar: Mutahhar ibn Sadid ibn Muhammet ibn Aly ibn Ahmet ibn Abdallah ibn Abu-l-Fadl an-Nuzkasy. Bu ady bir setire sygdyrmag-a däl, eýsem, bir demde aýdaýmagam kyn bolsa gerek. Ýönekeý adamlarda munça at bolmandyr, onuň olara geregi hem ýok eken. Muňa seretmezden, geçmişde çagalara bir sözden däl-de, köplenç iki sözden ybarat at dakmaklyk däbi ýörgünli bolupdyr. Muňa uzyn atlaryň eý görülmegi ýaly gadymy ynamyň täsiri bolupmy-bolmanmy, ony anyk aýtmak kyn, emma ruhanylaryň täsiriniň ýetendigi weli şübhesizdir, çünki, öň ýatlaýşymyz ýaly, yslamyň boýun egdiren halklarynyň çagalaryna Allanyň “müň bir adyny”, şonuň ýaly-da, onuň ýerdäki “wekilleri” bolan pygamberleriň, 4 çaryýaryň, 12 ymamyň, dürli ruhanylaryň, molla-işanlaryň atlaryny dakmaklyk ündelipdir we zor bilen girizilipdir. Eýsem, Allanyň Alla, Hudaý ýa-da Taňry, Hak, Ýaradan, Rahman, Rahym, Kerim... ýaly atlarynyň diňe özüni (bir sözi) çagalara dakmak mümkinmi? Elbetde, ýok, çünki şeýle edilse, Allanyň ady dakylan çaga hut onuň özi bilen deňleşip oturyberjekmiş (“Ady biriň jany bir” ahyry!) şonuň üçin hem ruhanylar ol sözleriň yzyna Hudaýa gürrüňsiz boýun egmekligi, minnetdarlygy, alkyşy bildirýän “gul”, “guly”, “berdi”, “şükür”, “nazar”, “nepes” ýaly sözleri goşmagy talap edipdirler. Netijede, Hudaýguly(Hudaýyň guly), Taňryberdi, Hakberdi, Allaşükür, Allanazar ýaly goşma atlar emele gelipdir. Diniň höküm sürýän döwründe, Allanyň “ýerdäki wekilleriniň” atlaryny-da ýekelikde çagalara dakdyrmandyrlar. Dürli öwgüli sözler arkaly Allany arşa çykaryp, Hudaýyň we “kömekçileriniň” atlaryny günde onlarça gezek ýatladyp, olara gürrüňsiz tabyndygyny bendeleriň beýnisine guýup duran şeýle atlary oýlap tapan din wekilleriniň pirimlerini nähili görýärsiňiz?! Olaryň dyngysyz tagallalary netijesinde şu hili dini äheňdäki goşma atlary dakmaklyk däbe, “moda” öwrülipdir. Soňra bu däp diňe bir Allanyň we ruhanylaryň ady bilen çäklenmän, beýlekisözlerede ýaýrapdyr. Ynha şu atlara üns beriň: Dörtguly, Ataguly, Babagulu, Abraýguly, Aşyrguly, Sähetguly, Ojarguly, Agaberdi, hatda Gurtberdi, Eşekguly ýaly atlar hem bar. Goşma atlaryň käbir praktiki ähmiýeti hem bar. Atasynyň adynyň we familiýasynyň öz ady bilen bilelikde tutlmaýan döwründe, olar atdaşlygy azaldypdyrlar. Diýeli, sapar aýynda doglan çagalara diňe Sapar diýen sada at daksaň, bir obada ençeme atdaşyň boljakdygy şübhesizdir. Emma bu sözüň yzynda berdi, geldi, guly, myrat, durdy, aý, gül, jemal ýaly sözleri getirip, çaga goşma at daksaň, deň-duş atdaşlar has az bolar. Eýsem bir klasda ýa-da kollektiwde birnäçe atdaşynyň bolmagynyň käbir kynçylyklary, käte gülküli ýagdaýlary döredýändigini bilýäris ahbetin! Her niçik bolsa-da, goşma atlar atdaşlygy azaldýar, emma düýbünden ýok edip bilmeýär. Ynha, gös-göni durmuşdan alnan birnäçe mysal. Hojambaz raýonynyň Gultak obasynyň Kommunist kolhozynyň diňe bir uçastogynda 16 sany Jora atly adam ýaşaýar. Oba adamlary bu atdaşlary biri-biri bilen tapawutlandyrmak üçin, olaryň adynyň ýa öňünden, ýa-da yzyndan dürli sözleri getirip ulanýarlar (Jora I, Jora II, hasapçy Jora, Ussa Jora we.ş.m.) Hut şu obada 7 sany Hudaýberdi bar. Geň zady olaryň üçisiniň familiýasy-da meňzeş: Allanazarow. Birine gelen hatyň, çakylygyň beýleki Hudaýberdi Allanazarowa gowşurylan wagty az bolandyr öýdýärsiňizmi? Bulary tapawutlandyrmak üçin, olaryň adynyň öňünden kärini hem aýdýarlar (agronom, atbakar, traktorçy), hatda kolhozyň resmi dokumentlerinde-de şeýle bellik etmeli bolýar.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06720 sek. ýüklenen baýt: 32616