Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Goşma we uzyn atlaryň ýüze çykmagy
Ýazylan wagty: 10 июля 2018 Ýazan Mayichka
Goşma we uzyn atlaryň ýüze çykmagynyň başga bir sebäbi bolsa şeýle atlaryň belent mertebäniň, sylaşygy, salykatlylygy, hormaty bildirýän nyşan hasaplanmagydyr. Mysallara ýüzleneliň. Ynha biz çaganyň kiçijikdigini, eýjejikdigini bildirmek, oňa bolan söýgümizi aňlatmak üçin, olaryň uzyn atlaryny gysgaldyp tutýarys: Gurbanberdi-Guby, Orazjemal-Ojy, we ş.m. bu ýagdaý köp halkda bar. Meselem ruslardaky Mişa (Mihail), Kolýa (Nikolaý), Wowa, Wolodýa (Wladimir) ýaly atlar hem ýaş çagalaryň adydyr. Emma ýaşuly adamlarda Guby ýa-da Mişa diýip ýüzlenseň, gelşiksiz bolýar. Hormat üçin olaryň adyny doly tutmaly, üstesine-de, ýaşkiçiler adyň yzyna “aga”, “daýy” ýaly sözleri hem goşup ulanmaly. Goşma atlaryň hormaty aňladýandygyna ýene bir mysal getireli. Özbegistanda, Täjigistanda we Lebap ýakalarynda ýaşaýan türkmen ýaşululary oglanlykdan saýlanan her bir adamyň adyny gysgaltmag-a beýlede dursun, eýsem olaryň sada adyny goşma ada öwrüp ulanýarlar (meselem Aşyr diýen adyň yzyna “baý”, “beg”, “guly” ýaly sözler goşulýar). Bu, elbetde, ady tutlýan adama hormat üçin edilýär. Bir obada, bir kollektiwde däl, eýsem bir maşgalada-da atdaşlar bolup biler. Meselem, gelniň öz gaýyn enesi ýa-da onuň gyzlary bilen atdaş bolaýmagy, seýregem bolsa, duşulýan zat ahyry. Şeýle oňaýsyz atdaşlygy ýok etmek üçin, käýerlerde hut ýaňy ýakyna çenli täze gelen gelniň ady (hiç bolmanda, onuň adynyň ýarysy) üýtgedilýärdi, başgaça aýdaňda, täze gelne gaýyn öýünde täze at dakylýardy (bu gadymy däbiň ýüze çykyşynyň atdaşlygy ýok etmekden başga-da, ençeme sebäpleri bolup biler. Meselem: 1) gelniň atasy öýünde ýalan ady tutulýan bolsa, onuň çyn adyny ulanmak üçin, 2) maşgaladaky at dakylyş däbine görä, täze gelne öňki gelinleriň ady bilen utgaşykly at dakmak üçin, 3) gelniň gaýynlary üçin ýaramsyz Doýduk, Bessir, Ýaňyldy ýaly ady bar bolsa, onuň adyny ýakymly at bilen çalşyrmak we ş.m. sebäpler üçin, gelinleriň adyny öwürýärler). Indi goşma atlaryň gündelik durmuşda ulanylyşy barada-da käbir zatlary ýatlalyň. Iki, käwagt üç sözden ybarat uzyn atlaryň eý görlendigine seretmezden, gepleşikde olaryň bir sözüni taşlaýarlar ýa-da uzyn atlary gysgaldýarlar (çaklaňja atlary aýtmak aňsat ahyry!). Meselem: Aşyrgeldi-Aşyr, Aşyrly, Berdimuhammet-Berdi, Akmuhammet-Aky we ş.m. Käbir uzyn atlaryň şeýle gysgaldylmagy ol atlaryň tanalmaz derejede üýtgäp gitmegine getiripdir. Mysal üçin, Saragt raýonynda gyzlara dakylýan Nopar diýen adyň “now bahar” (täze bahar) sözleriniň gysgalan görnüşidigini birbada biläýmek hem aňsat däl. Ýa-da Muhammet diýen adyň dürli gysgalan görnüşlerine üns beriň: Muham, Muhat, Muhan, Muhy, Mämmet, Mämet, Mämi, Mommat, Hommat, Mommy, Hommy, Mät, Met we ş.m. Eýsem, Orazmet, Gurbanmet ýaly atlaryň sostawyndaky “met” sözüniň Muhammetden gysgalandygyna göz ýetirmek hem kyndyr. Hut şonuň üçin, bir ýaşuly öz ogluna Mätmuhammet diýen ady dakypdyr (onuň adyny doly ulanmaly bolsak, onda ol Muhammet-Muhammet bolýar ahyry). Gysgalmaga bolan şeýle ymtylyşy uzyn atlaryň aglabasynda görmek mümkin. Ynha, käýerde “Nyýaz” sözüni yzdan gelýän sözüň çekimlileriniň inçe-ýogynlygyna seredip, “naz” (Naztuwak, Nazgylyç) ýa-da “näz” (Näzberdi, Näzgül, Näzbibi) ýaly gysgaldypdyrlar. Bu sözi “ýaz” görnüşinde ulanýarlar hem köp (Nyýazberdi-Ýazberdi). Goşma atlar aglaba iki sözden ybarat bolýarlar, emma üç sözden durýan käbir atlar hem duş gelýär. Meselem: Akmuhammetkul, Dolanaýgül, Şaýmerdanguly (merdanlaryň, ýagny ärleriň şasynyň guly), Çaryýarberdi (dört dost berdi) we ş.m. Muhammet sözi bilen gelýän goşma atlar iň uzyn (köp harply) atlardyr: Muhammetmustapa, Muhammetgurban, Döwletmuhammet, Muhammetmyrat we ş.m. Eýsem, iň gysga atlar diňe iki harpdan ybarat bolýarlar: On, Il, Iş, Aý. Bularyň soňky üçüsi Ilmyrat, Işmyrat, Aýgül ýaly goşma atlaryň gysgalan görnüşleridir.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05171 sek. ýüklenen baýt: 32035