Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ensiklopediýanyň gaznasyndan
Ýazylan wagty: 10 июля 2018 Ýazan Mayichka
Sagdyn durmuş şekiliniň meselesiniň adamyň durmuşa bolan gatnaşygy, durmuşyň manysy, ruhy we beden gatnaşyklary, sarp etmek we ele almak, dünýäniň daş töwerek bilen arabaglanyşygy, bagtyňy saklamaklyga ymtylyş ýaly gadymy filosofiki kökleri bar (G.M.Solowýow, 1999). Aristotel adamyň göwnüniň juda çylşyrymlydygyny tassyklaýar. Ol üç bölekden durýar, ösümlik we haýwan göwünleriniň ähli işjeňligini özünde jemleýär hem-de mundan başga-da ýörite adam işjeňligini – akyly, pikirlenmegi, maslahatlaşmagy hem özünde jemleýär. “Köp halatlarda hakykatdan hem göwün bedensiz hiç bir zady synagdan geçirmeýär we onsuz hereket etmeýär, mysal üçin, ezmekde, edermenlikde, arzuwda, umuman, duýgularda göwnüň materiýa öz esasnamasy bolýar” (L.A.Andreýçenko, 2000). Beýik metafizik we filosof Pifogor, filosoflar Sokrat we Platon öz eserlerinde belli bir derejelerde sagdyn durmuş şekiliniň meselelerine, adamdaky ruhy we beden garmonlaryna degip geçýär. Aýtmaklaryna görä, sagdyn bedende sagdyn ruh pelsepesi gadymy greklere degişli. Emma bu ganatly söze göni manysynda düşünmeli däl. Bu aksioma däldir, eýsem bedeniň we ruhuň hem-de olaryň garmonlarynyň mümkin bolan täsiri we arabaglanyşygy barada çaklamadyr. Demokritiň bedeniň owadanlygy eger onda akyl bolmasa, haýwan ýalydyr diýen sözleri munuň tassyknamasydyr. Şu babatda iňlis filosofy F.Bekon “Beden we göwün – bu iki sany dürli-dürli manydyr, emma özara gatnaşyklarynda we biri-birini açyp görkezmeklikde göwnüň ýagdaýyna baglylykda beden barada we göwün barada haýsydyr bir zatlary bilip bolar” diýip ýazýar. F.Bekonyň beden sagdynlygynyň köp babatda ruhuň ýagdaýyny kesgitleýändigi baradaky beýan etmeleri häzirki zamana gabat gelýär we Demokritiň filosofiki pikirlerini aýdyňlaşdyrýar (M.G.Solowýow, 1999). Bedeniň fiziki ýagdaýynyň adamyň psihofiziki ýagdaýyna täsir edýändigi öňden bellidir. Bu ol ýa-da beýleki iýmiti we içgini saýlamaklyga, agyz beklemeklige, oraza degişli köpsanly dini garaýyşlaryň esasynyň gözegçiliginde durýar. XVII asyrda ýaşap geçen fransuz filosofy, akyldary F.Wolteriň düşünjelerinde adamlar olaryň kesellere hakyky degişlidigi nukdaýnazaryndan haýpygeliji we betbagt, ýitip gidýän edilip görkezilýär, ýöne olar bularyň garşysyna üstünlikli hereket etmäge ukyplydyr (Wolter, 1985). Ensiklopediýanyň gaznasynyň görnükli fransuz akyldary Şarl-Lui Monteskýe Wolteriň döwründe ýaşap geçmek bilen sagdyn we berk adam öz-özüne uly ynam döretmegi, ýagny uly edermenligi, öz howpsuzlygyna uly ynamlylygy, köpräk gönümelligi, azrak müňkürligi we mekirligi başyndan geçirýändigini tassyklaýar. Megerem, ol ýa-da beýleki derejede adamyň durmuşynyň saglyk närsesine degmedik ýekeje-de filosof tapylmasa gerek. Köp asyrlaryň dowamynda jemlenen pähim-paýhasyň tassyklamalaryna görä, adamzat mydamada saglygyň gadryny bilipdir, ruhuň berkligini giňeldipdir we bedeni amatly ulanmaga ynam döredipdir. Köp halklaryň ertekilerinde, rowaýatlarynda güýçli, edermen, çydamly, zähmetsöýer adamlar şöhratlandyrylypdyr we ýalta, köp iýýän - semiz, köp içýän adamlaryň üstünden gülnüpdir (M.G.Solowýow, 1999).
Okalan sany: 39   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08419 sek. ýüklenen baýt: 31053