Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT WE SAZ
Ýazylan wagty: 10 июля 2018 Ýazan Mayichka
Sport sungat üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, nakgaşyň (hudožnigiň) işinde sportuň dürli pursatlary döredijiligiň islendik görnüşi üçin ýol görkeziji serişde bolup bilýär. Sebäbi sport özüniň her dürli mümkinçilikleri, ünsüňi özüne çekiji we ýatda galyjy ýiti äheňleri, hadysalarynyň bimöçber köpdürlüligi, ynsan häsiýetleriniň özboluşly ýüze çykmalary bilen tapawutlanýar. Sport tema hökmünde elýetmezdir, demokratikdir we meşhurdyr. Çünki sport her hili duýgulary oýaryp bilýär. Onda gahrymançylyklaryň başlangyçlary ýatyr. Sungat gadymy döwürlerden bäri sporty şöhlelendirmäge gatnaşyp gelipdir. Mysal üçin, gadymy Müsürde alynky Aziýada biziň eýýamymyza çenli beden maşklary, şeýle-de harby söweşjeňleri we awçylary taýýarlamak bilen baglanyşykly çeper eserler döredilipdir. Aýratyn hem gadymy Gresiýada sport bilen baglanyşykly juda köp eserler döredilipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki VI-V asyrlarda Bakhilid, Simonid we Pindar ýaly görnükli şahyrlar bolsa Olimpiýadalaryň ýeňijilerine bagyşlap, odalar ýazypdyrlar. XIX asyryň ortalarynda – XX asyryň başlarynda sport nakgaşlaryň has-da ünsüni özüne çekýär. Ilkinji gezek şekillendiriş sungatynyň sporta bagyşlanan sergileri gurnalyp başlanýar. Nakgaşlar üçin sport – ýaşlygyň, güýjüň, kuwwatyň, täze adamyň ýokary ruhubelentlik sypatynyň janly nusgasy bolyp hyzmat edipdir. Öňki SSSR döwründe – 1963-nji ýylda ilkinji gezek “Bedenterbiýesi we sport şekillendiriş sungatynda” ady bilen bütinsoýuz sergi geçirilýär we ol soňra däbe öwrülýär. Ol has soňrak uly meşhurlyga eýe bolýar.
Okalan sany: 29   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05302 sek. ýüklenen baýt: 29387