Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gadymy döwürlerde-de sport maşklary we sport ýaryşlary saz bilen
Ýazylan wagty: 10 июля 2018 Ýazan Mayichka
Gadymy döwürlerde-de sport maşklary we sport ýaryşlary saz bilen bezelipdir. Antiki oýunlara hökmany suratda sazly sowhunlardyr şüweleňler goşulypdyr. 1906-njy ýylda Halkara Olimpiýa Komiteti Olimpiýa oýunlary mahalynda arhitekturadan, žiwopisden, heýkeltaraşlykdan, edebiýatdan we sazdan çeperçilik bäsleşiklerini – konkurslaryny geçirmek barada karar kabul edýär. Ilkinji gezek şeýle konkurs 1912-nji ýylda V Olimpiýa oýunlarynda geçirilýär. 1924-nji ýylda Parižde geçen Olimpiýa oýunlarynda Ýeliseý meýdanynda gurnalan çeper Olimpiýa agşamy uly üstünlik bilen geçirilýär – köp müň adamly hor birnäçe simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde meşhur kompozitor Bethoweniň 9-njy simfoniýasyny ýerine ýetirýär. Häzirki zaman sportuny hakykatdan hem sazdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu sport hadysalarynyň diňe şatlykly we baýramçylyk ruhubelentligini döredýänligi üçin däl. Çeper gimnastikada, konkide figuralaýyn typmakda, suwda sazlaşykly ýüzmekde saz sport hereketleriniň esasy alamaty bolup durýar. Eger-de XX asyryň ortalarynda edýän hereketiňe laýyk gelýän saz saýlanan bolsa, häzirki döwürde saza görä hereket etmek ýoň boldy. Munuň özi sportçynyň hereket başarnygyny açyp görkezýär. XX asyryň aýaklarynda rus kompozitory A.Pahmutowanyň döreden saz eserleri sportuň ösüşine saldamly goşant goşýar. Onuň hakyky sporta bagyşlap döreden saz eserleri öz halkynyň saz eserleriniň altyn hazynasyna girizilýär. “Sportuň gahrymanlary”, “Gorkak hokkeý oýnamaýar”, “Moskwa start berýär”, “Sag bol, Moskwa!” ýaly ajaýyp eserleri bu kompozitora şan-şöhrat getirýär. Bu eserleriň soňkusy 1980-nji ýylda geçen Moskwa Olimpiýadasynda ýaňlanypdy.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06709 sek. ýüklenen baýt: 29737