Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Watanymyz sport ruhubelentligi hem-de döredijilik zehini bilen beýgelýär
Ýazylan wagty: 10 июля 2018 Ýazan NEXTTM

Watanymyz sport ruhubelentligi hem-de döredijilik zehini bilen beýgelýär

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 9 — 23-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň dynç alşa çykýandygyny yglan etdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan döwlet Baştutanymyz şu gün säher çagynda agtygy bilen deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etdi we dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem milli Liderimiz agtygy Kerimguly bilen çeper döredijilik bilen meşgullandy. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Milli Liderimiz ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini jemleýän welosiped ýörişlerini geçirmek boýunça ajaýyp däbiň başyny başlady. Sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işler dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. 

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem milli Liderimiz sport bilen meşgullanyp, nobatdaky gezek beden taplygyny görkezdi. 

Agtygy bilen welosipedli gezelenji guran hormatly Prezidentimiz “Awazanyň” binagärlik gözelliklerini we ajaýyp tebigatyny synlady. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejeli deňiz dynç alyş zolagy syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlarynyň aýdyň nyşany hasaplanylýar. Ajaýyp myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej şäherçeleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary we elbetde, hyzmatlaryň ýokary derejesi “Awazany” köp sanly türkmenistanlylar üçin, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin özüne çekýän merkeze, maşgala bolup dynç almak üçin ajaýyp ýere, aýratyn-da, tomus dynç alyş möwsüminde gözel künjege öwürýär. Altynsow çägeli kenar, ýyly suwly deňiz, bereketli gün şuglasy, arassa howa – bularyň hemmesi dynç alýanlara uzak wagt ruhubelentlilik we ajaýyp duýgulary kepillendirýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda we howandarlygynda amala aşyrylýan, möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýetli maýa goýum taslamasy sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi. “Awaza” taslamasy syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösmegine badalga berip, Türkmenistanyň rowaçlygynyň esasyny düzýän birnäçe şerti — ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleriniň toplumlaýyn ulanylmagyny, howa aýratynlyklaryny hem-de amatly üstaşyr-ulag ýagdaýyny, bularyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny birleşdirdi. 

Hormatly Prezidentimiz dynç alyş zolagynyň sport esasyny berkitmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Bu ýerde döwrebap sport toplumlary gurlup, olarda söweş sungatlary, sportuň oýun, suwdaky we gyşky görnüşleri, şol sanda suwda ýüzmek, hokkeý we figuralaýyn typmak, şeýle hem fitnes, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taekwondo, dzýu-do, sambo, basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol we beýlekiler bilen meşgullanmak bolýar. Windserfing, suw lyžasy, baýdarkada we kanoede bäsleşikler, ýelkenli gämilerde ýaryşlar — bularyň hemmesi Hazaryň türkmen kenarynda ösüşine eýe bolmaly. Şunuň bilen baglylykda, welosipedleri diňe sport maksatlary üçin däl-de, eýsem, ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde hem işjeň peýdalanmak maksadalaýyk bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen welosipedli gezelenji tamamlap, köpugurly sport toplumynda türgenleşik enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. 

Milli Liderimiziň sporta düýpli garaýşy Türkmenistanyň yzygiderli geçirýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, onuň maksady watandaşlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli türgenleşikler diňe saglygy we beden taplygyny saklamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamda zähmetsöýerlik we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň pugtalanmagyna mümkinçilik berýär”. 

Hormatly Prezidentimiz dürli sport türgenleşiklerinden başga-da, möhüm döwlet işlerinden doly bolan dartgynly iş tertibinde, şeýle hem dynç alyş mahalynda aýdym-saz ýa-da eser ýazmaga we ylmy iş bilen meşgullanmaga wagt tapmaga çalyşýar. Milletiň baý ruhy, döredijilik we paýhas mirasy, medeni baýlygy, tebigatynyň gözelligi we sahylygy edebi işlerinde milli Liderimize ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde döwlet Baştutanymyz türkmen sportunyň ýeten derejesine, ýurdumyzda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ähmiýetine, Türkmenistanyň sazlaşykly ösüş depginlerine buýsanyp, käbir jümleleri aýdypdy. 

Ine, şu gün bolsa döwlet Baştutanymyz “Sportly Türkmenistan” atly täze goşgynyň üstünde işlemegini dowam edip, onuň soňky setirlerini jemledi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň ýurdumyz üçin “Amul — Hazar 2018” atly iri çärä beslenmeginiň çuňňur manysy bar, bu çäre halkara awtorallisini, ylgaw ýaryşyny we welosiped ýörişini öz içine alýar. 

Awtomobil ýaryşlarynyň ugry täze görnüşde dikeldilýän gadymy ýoldan geçýär, onuň ýüregi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüşler hem-de häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunda möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösmegi bilen rowaýata öwrülen ýerlerde gaýnap joşýan täze durmuşy görmäge mümkinçilik alarlar. 

Sport! 
Türkmenistan! 
Gözel Awaza! 
Ýüpek ýol uzaýar 
Amul — Hazara — diýen sözler bilen başlanýan täze goşgyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimgula okap berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly “Açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan bitarap döwlet bolup durýandygyny nazara almak bilen, täze goşgyny terjime etmäge döredijilikli çemeleşip, ony iňlis diline geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Kerimguly bu teklibe ruhubelent seslendi hem-de terjime işine höwes bilen girişdi. Döredijilik işiniň barşynda döwlet Baştutanymyz täze goşgyny türkmen dilinde, agtygy bolsa iňlis dilinde okadylar. 

Soňra Kerimguly atasynyň galamyndan çykan goşgynyň notasyny ýazmaga, oňa laýyk gelýän heňi kesgitlemäge girişdi. Döwlet Baştutanymyz agtygyna döredijilik dünýäsi, onuň ähmiýeti barada aýdyp, döredilýän sungat eserleriniň ähli döwürler üçin nusgalyk bolmalydygyny belledi we bu babatda agtygyna birnäçe maslahatlary berdi. 

Hut owaz sazda esasy alamat bolup, adamyň döredijilik zehinini beýan edýär. Sazlaşykly utgaşýan setirler we sazlar halkymyzyň baý ruhy mirasynyň möhüm bölegine öwrülýär hem-de asyrlarboýy dowam edýär. 

Kerimguly özi üçin ajaýyp saz dünýäsini açyp, ähli zatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly paýhaslaryndan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz milli aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine, onuň baý däpleriniň aýawly saklanylmagyna we dowamlylygyna aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly: “Her bir eser adamyň ylhamyndan we içki duýgularyndan, döredijilik ukybyndan, zehininden, Watana, halkynyň ruhy mirasyna, ene topragyna bolan söýgüsinden kemala gelýär”. 

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ajaýyp ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan saz sungatynyň ilkinji çeşmelerini düýpli öwrenmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, ýaşlary döredijilik işine höweslendirmegiň möhümdigini belleýär. Munuň özi dürli ugurlarda zehinleriň açylmagyna hem-de dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam edýär. 

Öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, kämilleşmäge, täze bilimlere we ussatlyga eýe bolmaga ymtylýan ýaşlardan döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply, sazlaşykly, ruhy taýdan baý şahsyýetler kemala gelýär. 


***

Şu tomus günleri Hökümetiň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary dynç alyş günlerini “Awazada” geçirýärler. Ozal bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ähli ýolbaşçylara iýul aýynyň 9-yndan 23-ine çenli rugsat berilýändigini aýdyp, dynç alyş günlerini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň Arçman, Ýyly suw, Mollagara ýaly şypahanalarynda geçirip boljakdygyny, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ikinji ýarym ýylda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek we gujurly işlemek üçin ene topragymyzyň melhemlik çeşmelerinden güýç almagy maslahat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz saglygy saklamak we berkitmek mümkinçiligine eýe bolan dynç almagyň nähili ähmiýete eýe bolup durýandygyny ozaly bilen, lukmançylyk işine köp ýyllaryny sarp eden hünärli lukman hem-de alym hökmünde örän oňat bilýär. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary döwletleriň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň hormatly doktory, professory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme işleri hut şu meselä bagyşlanandyr. Örän meşhur bolan neşirleriň hatarynda milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomluk işi, “Türkmenistan — melhemler mekany” atly monografiýasy bar. 

Milli Liderimiz işjeň dynç almagyň we tebigat bilen aragatnaşygyň beden we ruhy dartgynlylygy, iş ýadawlygyny aýyrmagyň iň gowy serişdesi bolup durýandygyny belläp, öz şahsy göreldesinde aýdanlarynyň dogrudygyny subut edýär hem-de beden taplygyny we egsilmez gujur-gaýratyny görkezýär. Bu aýratynlyklar öz gezeginde maksada okgunlylyga, aýgytlylyga hem-de işde hyjuwlylyga, netijelilige öwrülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda adamlaryň dynç almagy, şol sanda maşgala bolup dynç almagy üçin örän oňat şertler döredilýär. Iýul aýynyň şu yssy günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden watandaşlarymyzyň müňlerçesi “Awaza” dynç almaga barýarlar, gojaman Hazaryň kenarynda çaga gülküleri ýaňlanýar.
Okalan sany: 100   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05037 sek. ýüklenen baýt: 44282