Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynda ätiýaçlandyryşyň we howpsuzlygyň öwrenilmegi
Ýazylan wagty: 11 июля 2018 Ýazan Mayichka
Dersiň esasy wezipesi syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynda ätiýaçlandyryşyň we howpsuzlygyň öwrenilmegi we ulanylmagy. Adamzat durmuşynda gabat gelýän dürli betbagtçylyklardan we garaşylmadyk ýagdaýlardan çykalgalary tapmaklygy hem-de zyýany azaltmaklygy öwredýär. Syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynda tebigy hadysalardan goranmak we betbagtçylykly hadysalaryň bolmazlygy üçin öňüni alyş çäreleriň ýörite meýilnamalary düzülýär. Myhmanhana ulgamynda bolup biljek howplar: Tebigy betbagtçylyklar: sil gelmesi, suw joşmasy, ýer titremesi, tüweleý, ýyldyrym çakmasy we ş.m. Ogurlyklar: ogurlyklara garşy myhmanhananyň gapylaryna gözegçilik gowy bolar ýaly, olaryň ýerlerini bilmek, aýnalaryny berk goýmak, otaglaryň gapylaryna berk gulplary goýmak, myhmanhananyň içiniň, daşynyň we awtomobil duralgalarynyň yşyklandyrylyşyna gözegçilik, hem-de görünýän we görünmeýän kameralary goýmak we ş.m. Girdeji girmezlik: myhmanhana arassa, owadan, giň, tebigaty hem gowy ýerde, hyzmaty ýokary, bahasy elýeter bolsa, onuň girdejisi köp bolýar. Eger hyzmatyň hili pes, binanyň görküniň pes bolmagy, işgärleriniň gödek bolmagy we işini gowy bilmezligi müşderileri daşlaşdyrýar. Bu bolsa myhmanhananyň girdejisiniň peselmegine, abraýynyň düşmegine we tozmagyna getirer. Ýangyn howpy: ýangyn howpy abanmazlyk üçin ýangyndan çykylýan goşmaça gapylary, basgançaklary (ýanmaýan), ot söndürýän suw çüwdürimleri üçin ýerlerini, ýangyny, tüssäni duýdurýan yşaratlary goýmaly ýerleri göz öňünde tutulýar. Şu hili howplaryň öňüni almaklyga syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynda işleýän işgärler hemişe taýýar bolmalydyrlar. Elektrik geçiriji kabelleri suwagyň aşagyndan geçirmeli, ýyladyjy, sowadyjy enjamlary niýetlenen ýerlerinde oturtmaly. Esasan howp güýçli ýerleriň biri hem aşhana bolany üçin tehniki enjamlar ykjam ýerleşdirilmeli. Aşhanada azyk önümlerini saklamak üçin arassa, salkyn, gury ýerler bolmaly. Myhmanhana abanýan howplaryň ýene-de biri iýmit zäherlenmesidir. Adamlarda iýmit zäherlenmeleri bolmazlyk üçin azyk önümler getirilende, saklananda, taýýarlananda uly üns berilmelidir. Sowadyjy enjamlary hemişe arassa bolmalydyr. Aşhanada mör-möjekleriň bolmazlygyny üpjün etmeli. Iýmit zäherlenmesi bolmaz ýaly iýmitler arassa gaplarda taýýarlanmalydyr. Häzirki döwürde myhmanhanalarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin dürli ýokary hili tehnikalardan we tehnologiýalardan peýdalanýarlar. Mysal üçin, myhmanhananyň göwrümine we derejesine laýyklykda myhmanhananyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin wideogözegçilik arkaly toplumlaýyn howpsuzlyk çärelerini guramak bolýar. Ýagny, bu hili gözegçiligiň kömegi bilen girelgedäki gözegçiligi dolandyryp bolýar. Soňky ýyllarda ösen myhmanhanalarda şeýle düşünje emele gelýär, ýagny, myhmanhananyň emlägine onuň abraýy hem degişlidir diýip hasaplaýarlar. Häzirki wagtda myhmanhanalarda dürli hili jenaýatlar, ogurlyklar bolýar. Bu ýerde bellemeli zat ogurlyklaryň esasy bölegi otaglarda däl-de myhmanlar bilen göni gatnaşykda bolmaýan bölümlerinde bolýar. Elbetde şeýle müşderiler hem bolýar, haçanda olar goşlaryny ýygnan halatlarynda otaglardaky küldan, süpürgiç ýaly zatlary hem özleri bilen alyp gidýärler. Bu hili ýagdaýlarda howpsuzlyk gullugynyň esasy etmeli işi edilýän jenaýatlaryň üstüni açmak däl-de olaryň öňüni almak. Howpsuzlyk gullugynyň düzümi örän uly däl. Bir myhmanhanada 500 otaga 10 işgärden köp işe kabul edilmeýär. Käbir ýagdaýlarda bu gulluga şweýsarlary we dälizçileri hem goşýarlar. Bu bolsa öz gezeginde häzirki wagtda tehnikanyň, tehnologiýanyň ösen döwründe ýokary derejeli myhmanhanalaryň howpsuzlyk çäreleriniň ýokary derejede gurnalmagy we ýerine ýetirilmegi, jenaýatlaryň, ogurlyklaryň öňüniň alynmagy, olaryň sanynyň azalmagy belli bir derejede myhmanhanalaryň abraýyna uly täsir edýär.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07037 sek. ýüklenen baýt: 32403