Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Taktiki hereketleri ele almagyň psihologiki meseleleri
Ýazylan wagty: 11 июля 2018 Ýazan Mayichka
Taktiki hereketleri ele almagyň psihologiki meseleleri Häzirki zaman sportunyň nazaryýetinde sport taktikasy diýlip türgeniň bäsdeşlik göreşini maksada laýyk alyp barmagyna düşünilýär. Bu işde kesgitli bir pikire we maksada ýetmek üçin islege laýyk hereket edilýär. Onuň mazmuny bolsa bäsdeşlik göreşiniň gidişinde ýörite bilimiňi, başarnygyňy we endigiňi peýdalanmak bolup durýar. Türgeni ýa-da topary taktiki taýdan taýýarlamagyň ähli görnüşinden psihologiki görnüş has möhüm hasaplanylýar. Bu sport türgenleşiginiň nazaryýetinde-de aýratyn bellenilýär. Türgeniň taktiki hereketini meýilleşdirmek öňden görmek, öňünden göz öňüne getirmek arkaly esaslandyrylýar. Umuman alnanda, beýle diýmeklik adamynyň kesgitli giňişlik-wagtdan öňe geçip, hereket etmek başarnygydyr. Bäsdeşlik göreşi çalt akymly we üýtgeýän ýagdaýdyr. Ol ýaryşyň gidişine görä, köpsanly we dürli häsiýetli taktiki wezipeleri çözmäge mejbur edýär. Bu wezipeleriň her biri sportçudan „Haýsy pursat?", „Näme üçin?” we „Nähili hereket etmeli?” diýen soraglara jogaby talap edýär. Bu işde görkezme, nusgalyk, çaltlyk, işjeňlik, pikiriň amala aşyrylmagy uly ähmiýete eýedir.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06569 sek. ýüklenen baýt: 29471