Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi
Ýazylan wagty: 11 июля 2018 Ýazan NEXTTM


 Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döredijiligine bagyşlady. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni mirasynyň baýlaşmagynda sungatyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taryhy hakyda, milli özboluşlylyk hem-de döredijilik ylhamynyň dowamatlylygy ýurdumyzyň häzirki zaman medeniýetiniň binýadyny düzýän ýörelgelerdir. 

Taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de maddy däl gymmatlyklary gorap saklamak we öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek jemgyýetiň aň-paýhas mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň özboluşly mirasy — munuň özi nesilden-nesle geçirilip gelinýän çäksiz hazynadyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň köpüsinde bu mesele öz anyk beýanyny tapýar. 

Türkmenleriň baý maddy we ruhy mirasy, şöhratly geçmişi dörediji adama täze eserleri ýazmaga ylham berýär diýip, milli Liderimiz şu gününi taryh, milli medeniýet, eziz Watanymyzyň tebigatynyň aýratynlyklary baradaky kitabyň üstünde işlemäge bagyşlady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl ýazan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly düýpli işi ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna, özboluşly däp-dessurlara, bu halkara ýolunyň ugrundaky şäherleriň taryhyna bagyşlanandyr. Daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilen bu eser köp sanly daşary ýurt okyjylary üçin hem elýeterli boldy. 

Milli Liderimiziň nobatdaky eseri dürli çeşmelere, ozaly bilen bolsa, biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly taryhy maglumatlara hem-de dokumental çeşmelere esaslanýar we «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň beýleki ähli ylmy we edebi eserlerinde bolşy ýaly, bu eserde hem taryhy-edebi barlaglarda, dürli döwürlere degişli golýazmalarda saklanýan taryhy maglumatlar umumylaşdyrylar. 

Döwlet Baştutanymyzyň joşgunly ylhamy bilen döredilen eserlerde milli däp-dessurlary we halk döredijiligini düýpli bilýändigi äşgär duýulýar. Öňki eserleri ýaly, milli Liderimiziň bu kitabynyň hem türkmenistanly okyjylaryň ýankitabyna öwrüljekdigine hem-de ösüş ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga boljakdygyna şübhe ýokdur. 

Milli aňyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýan hakyky maşgala gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz dynç günlerini agtyklary bilen geçirip, olary döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga höweslendirýär. Ähli babatda atasynyň göreldesine eýerýän Kerimguly boş wagtyny sport we saz sungaty bilen meşgullanmaga sarp edýär. Şu gün hem şeýle boldy. Ýetginjek uly ylham bilen «Sportly Türkmenistan» atly goşga saz ýazmagyny dowam etdi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn bu goşgynyň üstünde işlemegini tamamlapdy. 

Milli aýdym-saz medeniýetiniň ýollaryny oňat bilýän hem-de oňa sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň parasatly halypaçylygynda Kerimguly atasynyň maslahatlaryny we isleglerini hasaba alyp, saz eseriniň üstünde işlemegi dowam etdi we döwlet Baştutanymyzdan öz ýazan sazyna baha bermegi haýyş etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygynyň täze eserini diňläp, her bir aýdymyň döwrüň ruhuny beýan etmelidigini, şunda halkymyzyň aýdym-saz ýörelgelerini hem unutmaly däldigini belledi. Gürrüňdeşlik wagtynda milli Liderimiz saz diliniň baýlygy we köpöwüşginliligi barada gürrüň berdi, saz diňe bir seslerden däl-de, heňlerden, sazlaşykdan, okgunlylykdan ybaratdyr. Saz döredilende, olaryň ählisini sazlaşdyrmak zerurdyr diýip döwlet Baştutanymyz doly kämillik derejesine ýetirmek üçin saz eseriniň üstünde ýene birneme işlemegi maslahat berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sungat ynsanyň ruhy dünýäsiniň ösüşine ägirt uly täsir edýär. Milli ýörelgelere esaslanýan her bir eser gaýtalanmajak häsiýetli bolup, asyrlara aşmalydyr. Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan hem-de nusgalyk saz eserleri uly meşhurlyga hem-de halkyň söýgüsine eýe bolýar, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny äşgär edip, milli ruhy mirasyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gitarada ussatlarça sazandalyk eden agtygy Kerimguly bilen saz eseriniň üstünde işlemegini tamamlap, türkmen we iňlis dillerinde öňde boljak «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportunyň gazananlaryna, tebigatymyzyň täsin gözelligine bagyşlanan “Sportly Türkmenistan” atly täze aýdymy ýerine ýetirdiler. Häzirki döwrüň äheňinde döredilen bu aýdym Hazaryň ajaýyp kenarynda belent ylham bilen ýaňlandy.

Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06115 sek. ýüklenen baýt: 35447