Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
MAGTYMGULY ADYNDAKY TURKMEN DÖWLET UNIWERSITETI
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


MAGTYMGULY ADYNDAKY TURKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly ma- tematika we informatika).
2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elekt- ronika).
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Himiýa (hünär: himiýa).
6. Ýeri owreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; me- teorologiýa; ekologiýa).
7. Psihologiýa yiymlary (hünär: psihologiýa).
8. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
9. Filosofiýa we etika (hünär: filosofiýa).
10. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
11. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öw- reniş; gündogary öwreniş).
12. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fran- suz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
13. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-ki- taphana işi (hünär: žurnalistika).
14. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Fizika we astronomiýa (hünär: radiofizika we elektronika).
2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
3. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Himiýa (hünär: himiýa).
6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
7. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünär: iňlis dili we edebiýaty).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli,
'aşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça äsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherin- de 2018-nji ýylyn 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministr- ligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsi- ýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyk- lardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminama- nyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda gör- kezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş to- paryna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadat- namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peý- dalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşga- bat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we 31-i günleri Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1 -2-si, 5-i we 7-si günleri Lebap welaýaty — awgust aýynyň 3-4-i, 6-sy we 7-si günleri Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 12-si we 14-i günleri Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11 -i, 13-i we 14-i günleri Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
fizika; radiofizika we elektronika hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy; himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa; ekologiýa hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türk- menistanyň taryhy;
kartografiýa; meteorologiýa hünärleri — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
psihologiýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türk- menistanyň taryhy;
taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwrenjş;
türkmen dili we edebiýaty; zurnalistika hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty hünärleri — saý- lap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
italýan dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we ede- biýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri- niň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synag- lardan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alan- lardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrun- dan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallymçylyk hü- närlerine);
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;
hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralar- da 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31;
tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Okalan sany: 37   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05620 sek. ýüklenen baýt: 42207