Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: statistika; döwlet we ýerli dolandyryş; makroykdysadyýet; ykdysadyýetde we dolan- dyryşda maglumat ulgamlary; ykdysady kibernetika; elektron işe- würligiň ykdysadyýeti; elektron täjirçiligi; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; marketing; hili dolandyrmak; harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy; jemgyýetçilik iýmitini guramak).
2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: awtomat- laşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üp- jünçiligi).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we hojalyk hukugy; maliýe hukugy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howpsuzlyk; maliýe menejmenti; gymmatly kagyz- laryň bazary; baha kesmek işi; pul dolanyşygy we karz; dünýä ma- liýe bazary; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysa- dyýeti we dolandyrylyşy; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary).
Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdy- sadyýet; menejment; işewürlik we telekeçilik; täjirçilik).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri bo- ýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şähe- rinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty mi- nistrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsi- ýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaç- lyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçyla- rynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res- minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden gü- wähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peý- dalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaş- gär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günleri Balkan welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i we 30-y günleri Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 9-y we 11-i günleri Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, Türkmenis- tanyň taryhy, geografiýa;
awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasy- nyň programma üpjünçiligi hünäri — matematika, fizika, Türk- menistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdeple- riniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alan- lardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşak- da görkezilenler peýdalanýarlar:
ykdysady hünärler boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
salgysy: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk) köçesi, 73;
tel.: 48-62-71, 48-62-76.

Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

dance


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05106 sek. ýüklenen baýt: 37068