Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobiller we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnaw- lary guramak we dolandyrmak; lokomotiwler; wagonlar; demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk; demir ýolla- ryň elektrik üpjünçiligi; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-dü- şüriş enjamlarynyň ulanylyşy).
2. Aeronawigasiýa we awiasion hem- de raketa- kosmiki tehnikalaryny ulanmak (hünärler: howa hereketiniň dolandy- rylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulany- lyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).
3. Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we teh- nologiýa lary (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň energetiki des- galarynyň ulanylyşy; gämi gurluşygy).
4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary
(hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köpka- nally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaý- lym we telewideniýe; radioelektron ulgamlary we toplumlary; info- kommunikasiýa tehnologiýalary).
5. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa proses- leriniň awtomatlaşdyrylyşy (aragatnaşyk pudagynda)).
6. Maglumat howpsuzlygy (hünär: telekommunikasiýa ulgam- larynyň maglumat howpsuzlygy).
7. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: köp- rüler we ulag tonnelleri; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy).
8. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ulag we aragatna- şyk kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş; logistika).
9. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
10. Informatika we hasap l aýyş tehnikasy (hünär: hasapla- ýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri bo- ýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
«Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak» ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inže- ner-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şähe- rinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty mi- nistrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsi- ýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaç- lyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçyla- rynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res- minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden gü- wähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peý- dalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaş- gär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8-i günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 13-i we 14-i günleri
Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýun- ça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdeple- riniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alan- lardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşak- da görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13;
tel.: 49-35-86, 49-44-21.

Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05025 sek. ýüklenen baýt: 39354