Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: iňlis dili; nemes dili; fransuz dili; rus dili we edebiýaty; ispan dili).
Tölegli esasda okadyljak hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: iňlis dili; rus dili we edebiýaty; arap dili; pars dili; türk dili; hytaý dili; ýapon dili; koreý dili; hindi dili).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäs- leşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli- gi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýet- nama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyk- lardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri bo- ýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda gör- kezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş to- paryna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler har
by şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadat- namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýda- lanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günleri Ahal welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i we 30-y günleri Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1 -i, 3-i we 5-i günleri Lebap welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 10-y günleri Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: iňlis dili, nemes dili, fransuz dili, rus dili we edebiýaty, ispan dili, arap dili, pars dili, türk dili, hytaý dili hünärleri — saýlap alan hü- när dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
ýapon dili, koreý dili, hindi dili hünärleri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri- niň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça synag döwlet dilinde geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlar- dan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda gör- kezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47; tel.: 34-67-17.

Okalan sany: 160   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05575 sek. ýüklenen baýt: 36319