Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMENISTANYŇ oGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ oGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

2018/2019-njy okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiki tehnologiýa).
2. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biotehnologiýa).
3. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).
4. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry: nanomateriallar).
5. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: ekologiýa we tebigat- dan peýdalanmak).
6. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehno- logiýalary).
7. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy).
8. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: innowatika).
9. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taý- ýarlygyň ugry: elektronika we nanoelektronika).
10. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy).
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça 1 ýyl dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygy- ny geçeninden soňra iňlis we ýapon dillerinde alnyp barlar.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli- gi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsi- ýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyk- lardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri bo- ýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda gör-
kezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadat- namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýda- lanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşga- bat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1 -i günleri Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31 -i awgust aýynyň 1-i, 4-i we 6-sy günleri Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 9-y we 11-i günleri Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 10-y we 11-i günleri Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: himiki tehnologiýa; materiallary öwrenmek we täze material- laryň tehnologiýasy; nanomateriallar taýýarlyk ugurlary — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
biotehnologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taý- ýarlyk ugurlary — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika taýýariyk ugurlary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; innowatika taýýar- lyk ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
biolukmançylyk elektronikasy taýýarlyk ugry — biologiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri- niň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtynda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan ge- çip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlar- dan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda gör- kezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
InZener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Köşi köçesiniň 100-nji jaýy, tel.:39-16-00.

Okalan sany: 210   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

dance


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07948 sek. ýüklenen baýt: 39299