Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Matematika we mehanika (hünär: matematika).
2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
3. Himiýa (hünär: himiýa).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: rus dili we ede- biýaty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäs- leşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli- gi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyk- lardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri bo- ýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda gör- kezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş to- paryna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şa- hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä- hatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýda- lanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmena- bat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y, 31 -i günleri Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-3-4-i, 5-6-sy we 7-si günleri Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: fizika hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; matematika hünäri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy; himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa hünäri — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türk- menistanyň taryhy;
taryh hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
başlangyç bilimiň mugallymçylygy, psihologiýa hünäri — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäri — türkmen dili we edebi- ýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
türkmen dili we edebiýaty hünäri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
rus dili we edebiýaty hünäri — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
iňlis dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebi- ýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hytaý dili we edebiýaty hünäri — hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri- niň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli diller boýunça geçirilýän dil derslerinden başga ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlar- dan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda gör- kezilenler peýdalanýarlar:
mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrun- dan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň salgysy:
Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7; tel.: 3-25-50, 3-04-18.

Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05833 sek. ýüklenen baýt: 38797