Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM

HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI 

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; ne- bitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geo- logiýasy; ýerüsti dag işleri; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýa- taklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek).
2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).
3. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadan- laşdyryş (hünär: daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).
4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: stan- dartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak).
5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär- ler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrma- gyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologi- ýalarynyň programma üpjünçiligi).
6. Maşyngurluşyk (hünärler: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary).
7. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hü- när: nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy).
8. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elekt- rik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik top- lumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).
9. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: ykdysady- ýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda)).
Iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýarlanylýan ugurlary (bakalawr üçin okuwyň möhleti 5 ýyl; 1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — hünär taýýarlygy):
1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).
2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy).
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarly- gyň ugry: programma inženerligi).
4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda)).
Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synag- laryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra taýýarlygyň nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdan !a- ryň geologiýasy we gözlegi; himiýa tehnologiýasy; programma inženerligi we logistika (nebitgaz pudagynda) ugurlary boýunça dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýyly- na başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini tabşyrýarlar.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synag- larynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aş- gabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygyn- da kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky res- minama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman se- nagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky sag- lyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda
mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsle- şiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi- namanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resmina- malary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär- ler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçme- dik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hu- kukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resmi- namalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitet- de (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-26-sy, 28-i we 30-y günleri;
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geo- deziýa ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa tehnologiýalary ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdy- ryş ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
tehniki ulgamlarda dolandyryş ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
maşyngurluşyk ugry — fizika, matematika, Türkme- nistanyň taryhy;
gurluşygyň tehnikasy we tehno ! ogiýalary ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
elektro we ýylylyk energetikasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we dolandyryş ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýarlanylýan nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we göz!egi; programma inženerligi we logistika (nebitgaz pudagynda) taýýarlyk ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa tehnologiýasy taýýarlyk ugry — iňlis dili, hi- miýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mek- depleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda syna- ga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da ders- leriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soň- ky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artyk- maç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8;
tel.: 39-13-74, 39-13-70.

Okalan sany: 197   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05810 sek. ýüklenen baýt: 42343