Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ag- ronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öw- reniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gid- romeliorasiýa; ýer ulanyş; oba hojalygyny mehanizm- leşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); miwe- gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagta- nyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek).
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: we- terinar lukmançylygy; maldarçylyk; atçylyk).
3. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýala- ry (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiligi- niň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).
4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hü- när: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: oba hojalygynyň ykdysadyýeti; oba hojalygynda buh- galterçilik hasaba alnyşy we audit).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyk- lanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda- ýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa gir- ýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler bo- ýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir- ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak- dakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnama- syny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhlet- lerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 28-i we 29-y günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 8-i we
10- y günleri
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 9-y we
11- i günleri
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça ge- çirilýär:
oba, tokaý we balyk hojalygy ugry (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançy-
lyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy)
himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
oba, tokaý we balyk hojalygy ugry (hünär-
ler: gidromeliorasiýa; ýer ulanyş; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizm- leşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) — matematika, fizika, Türkmenista- nyň taryhy;
oba, tokaý we balyk hojalygy ugry (hünär- ler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan iş- lemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny ön- dürmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
weterinariýa we zootehniýa ugry — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary ugry — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry
matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hü- närlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143;
tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.

Okalan sany: 167   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06967 sek. ýüklenen baýt: 40241