Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI 

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Saglygy goraýyş (hünärler: bejeriş işi; pe- diatriýa; saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; stomatolo- giýa; sport lukmançylygy; saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy, lukmançylyk-durmuş goragy işi).
2. Harby lukmançylyk (hünärler: bejeriş-öňü- ni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi).
Tölegli esasda okadyljak hünärmenleri taýýarla- magyň ugry we hünäri:
1. Saglygy goraýyş (hünär: farmasiýa).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýö- riteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama bo- ýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8 — 22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi we onuň asyl nusgasy;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda- ýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa gir- ýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler bo- ýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol
ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş ka- gyzlaryndan başga-da:
ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolma- gyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Habar beriş merkezinden berlen güwänamany,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçme- sinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiligin- de durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekli- giň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Türkme- nistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir- ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak- dakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnama- syny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaş- gär barada goşmaça maglumatlary talap edip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek
uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhlet- lerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 28-i we
30- y günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we
31- i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we
6- sy günleri
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 3-4-i, 5-i we
7- si günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 13-i günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 14-i günleri
Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli hünärleri boýunça biologiýa, himiýa, Türkme- nistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça nor- matiwleri (möçbernamalary) (100 m ylgamak, göw- räňi çekmek, 3 km ylgaw) ýerine ýetirýärler.
Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artyk- maç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bar bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler. 

Türkmenistanyň Döw!et lukmançylyk
uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58;
tel.: 92 71 09.

Okalan sany: 39   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

dance


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07354 sek. ýüklenen baýt: 40021